Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren ruhy galkynyşyny ösüşlerden-ösüşlere alyp gitmekde, milli äheňler bilen baýlaşdyrmakda, eziz ýaşlar, siziň zehiniňiziň gül kimin açylmagy örän zerurdyr we möhümdir.
Türkmenistan döwletimiziň bütin dünýä ýaýraýan abraýy tutuş halkymyz bilen birlikde ýaş nesillerimizi hem çäksiz buýsandyrýar. Biziň ýaşlarymyzda ata Watanymyza ene topragymyza söýgini döretmekde, watançylyk duýgularyny oýarmakda çeper sözüň, edebiýatyň möhüm orny bardyr.
Biz milli buýsanjymyz bolan Döwlet baýdagymyza elmydama wepaly bolarys, ony hemişe belentde götereris.
Türkmen ýaşlarymyz hemişe dostluk, doganlyk ýörelgelerine eýermelidir. Bu iki düşünje jemgyýetimiziň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşini üpjün edýän uly güýçdür.
Ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak biziň her birimiziň baş maksadymyz bolmalydyr.
Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir.
Mähriban ýaşlar! Watana wepaly bolmakda, zähmetsöýerlikde, ynsanperwerlikde, halallykda siz beýlekilere nusga bolmalysyňyz.
Siz öz üstüňize ýüklenen wezipeleri ak ýürekden berjaý etmek bilen, Berkarar Watanymyzyň günsaýyn ösüşine öz mynasyp goşandyňyzy goşýandygyňyzy unutmaň!
Döredijilik hyjuwyndan doly zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etmek, Watanyny jany-teni bilen söýýän, başarnykly, giň gözýetimli ylmy işgärleriň we hünärmenleriň sanyny düýpli artdyrmak döwrümiziň öňe sürýän iň derwaýys wezipeleriniň biridir.
Siz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň harby gullukçylarysyňyz, agzybir türkmen halkynyň edermen ogul-gyzlarysyňyz, dogduk Diýarymyzyň daşynyň sarsmaz galasysyňyz.
Ýaşlar milli ýörelgelerimize berk eýermelidirler
Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur!
“Nesil” gazeti,
24.09.2020ý.