18-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Milli Parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, wideoaragatnaşyga ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeri çagyrdy. Wise-premýer Hökümetiň şu ýylyň 4-nji sentýabrynda bolan mejlisiniň barşynda 2020-nji we 2021-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň çaklamasyny taýýarlamak barada berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilişi babatda hasabat berdi. Makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermelere laýyklykda, 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň 5,8 göterim artyp, şunda umumy jemde senagat pudagynyň paýynyň 27,1 göterim, oba hojalygynyň 11,4 göterim, gurluşyk pudagynyň 8,6 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynyň 11 göterim, söwdanyň 19,3 göterim we hyzmatlar ulgamynyň paýynyň 22,6 göterim möçbere deň bolmagy meýilleşdirilýär. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň şu ýylda jemi içerki önümiň 19,4 göterimine deň bolmagyna garaşylýar. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ähli meselelerine ýene-de bir gezek düýpli seretmegiň zerurdygyny aýtdy we resminamanyň taslamasy işlenip tamamlanandan soň, ony Türkmenistanyň Mejlisine ibermegi tabşyrdy. Şeýle hem «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň, ýaşaýyş we jemagat hojalyk desgalaryny, senagat kärhanalaryny gazlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer 28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda we welaýatlarda geçiriljek baýramçylyk at çapyşyklarynyň maksatnamasyny hödürledi. Ýurdumyzda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň ähmiýetini belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz «Balkan welaýatynda bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurnamak hakyndaky» Karara gol çekip, degişli wisepremýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň işine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz döredilen şertlerden netijeli peýdalanyp, degişli işleri yzygiderli amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi, degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna Döwlet haryt-çig mal biržasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek hem-de açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklibi hödürledi. Bu meselä ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, medeni we döredijilik alyşmalaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýere bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Tebigy we takyk ylymlar boýunça ylmy-barlag merkezini hem-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Ulag-logistika ylmy merkezini döretmek göz öňünde tutulýar. Hödürlenen taslamanyň üstünde işlemegiň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem wise-premýeriň, daşary işler ministriniň hasabatynda bellenilişi ýaly, Hazar deňzi sebitinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe işler alnyp barylýar, teklipler taýýarlanylýar. Bu babatda beýan edilen teklipleri makullap, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, daşary işler ministrine işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede guramak boýunça meýilleşdirilen işleri talabalaýyk geçirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem harby bölümleriň, hukuk goraýjy edaralaryň döwrebap ýaraglar, tehnikalar bilen üpjün edilişine üns bermelidigini nygtap, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesi mynasybetli harby ýörişiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başgada birnäçe möhüm meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
22.09.2020ý.