IŞ­LE­RI TA­LA­BA­LA­ÝYK ÝO­LA GOÝ­MAK MÖ­HÜM­DIR

24-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Mejlisiň barşynda Halk Maslahatynyň mejlisine, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň beýleki ugurlaryna garaldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler hem-de degişli resminamalaryň taslamasynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi. Milli Liderimiz asylly däbimize eýerip, iş kesilen 812 raýatymyzyň hem-de 3 sany daşary ýurtly raýatyň ýurdumyzyň durmuşyndaky nobatdaky şanly sene mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, wise-premýerleri degişli yzygiderlilikde göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýerler öz degişli ulgamlarynda alnyp barylýan işler, Halk Maslahatynyň mejlisine, şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler. Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz, hususan-da, bu möhüm wakalar bilen baglanyşykly meselelere berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi, şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz senagatyna iň täze ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmak bilen bagly meselä üns çekip, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wisepremýere alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleriniň hödürlenilmeginde hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna yzygiderli gözegçilik edilmelidigine üns çekdi. Şoňa görä, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylara ýokary hilli aragatnaşygyň, telegepleşikler üçin ýokary tizlikli ýaýlymlaryň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere baýramçylyk günlerinde bölek-satuw haryt dolanyşygyny talabalaýyk derejede guramak üçin hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatyny diňläp, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekdi. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisine, beýleki möhüm çärelere gatnaşjaklaryň zerur goranyş serişdeleri bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatyny diňläp, milli Liderimiz öňümizdäki şanly wakalar mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işe giňden ornaşdyrmak boýunça wezipeleriň möhümdigini belläp, obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, wise-premýeriň, daşary işler ministriniň hasabatyny diňläp, hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görlüşi, Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň ýaş esgerleri watançylyk ruhunda terbiýelemekden ybaratdygyny nygtap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň çäklerinde Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem baş şäherimizde, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler barada hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, milli Liderimiz şanly seneleri geçirmek boýunça görülýän çäreleriň döwrüň talabyna doly laýyk gelip, degişli derejede bolmalydygyny belläp, häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler barada maglumat berdi. Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek çözgütleriň Türkmenistanda halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ygrarly bolup gelen hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslaryny pugtalandyrmak ýolunda ýene-de bir anyk ädime öwrüljekdigini belledi. Şeýle hem Hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň hepdäniň ýekşenbe gününe gabat gelýändigi sebäpli, 27-nji sentýabrdaky dynç gününi 28-nji sentýabra — duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

26.09.2020ý.