Ýurdumyzda ilkinji gezek 12 ýaşly we ondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Owganystandan türgenler gatnaşdylar. Munuň özi, türkmen sportunyň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, tennis barada gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýärin.
Sportuň görnüşleriniň içinde stoluň üstünde oýnalýan tennis peýdaly hem gyzykly oýunlaryň biridir. Hünärmenleriň maslahatlaryny diňlemek bolsa, has-da özüne çekijidir.
1. Gözüňe kömek edýär. Oýnuň dowamynda gözüň köp hereket edýär, topa ýetişmek üçin bir ugra jemlenýär. Netije-de, göz üçin uly maşk bolýar.
2. Hat ýazyşyň gowlaşýar. Stoluň üstünde oýnalýan tennis arkaly eliň myşsalary hereketde bolup has-da işjeňleşýär. Şeýlelikde, hat ýazyşyň owadanlaşýar.
3. Witaliý Kliçko öz türgenleşiginde ýörite tennisiň şu görnüşini oýnaýar. Munuň sebäbi, bu oýun oňa boks ringinde ünsi jemlemäge ýardam edýär. Bu bolsa, garşydaşynyň hereketlerini çalt duýmakda möhümdir.
4. Çalasyn edýär. Stoluň üstünde oýnalýan tennis netijesinde, beýnimiz bedenimizi çalt dolandyrýar.
5. Çalt ylgamaga ýardam edýär. Oýun netijesinde aýak myşsalary berkeýär. Mundan başga-da, dem alyş we ýürek-damar ulgamy berkeýär.
6. Tennis oýun hökmünde položitel duýgurlyk, güýç-kuwwat berýär, sport hökmünde bolsa, fiziki göwräni, çydamlylygy berkidýär.
7. Tennis çagalaryňyzyň fiziki hem akyl taýdan sagdyn ösmegi üçin gowy seçgidir. Olaryň ünsli we maksadaokgunly bolmagy üçin peýdaly oýundyr.
8. Bu oýun siziň durmuşyňyzyň bir bölegine-de öwrülip biler. Tennis oýnaýan wagtyňyzda siz dynç alarsyňyz, ýöne bu dynç alyş diwanyň üstünde ýatyp alynman, eýsem, işjeň ýagdaýda eliň raketkaly alynýar. Tennis adamlary birleşdirýär, jebisleşdirýär. Ony oýnaýan adamlar kortuň daşynda gürrüňdeş bolýarlar.
Görşüňiz ýaly, tennisiň bu görnüşi her birimiz üçin peýdaly we özüne çekiji bolup durýar. Şonuň üçin, stoluň üstünde oýnalýan tennisi saýlamagy maslahat berýärin!
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.