JANKÖÝERLERI JADYLAÝAN OÝUN

FUTBOLUŇ TARYHYNDAN

     Zamanymyzda «asyryň oýny» diýip at alan futbol öz meýdançasynyň giňligi, oýunçylarynyň köplügi we örän çekeleşikliligi bilen sportuň beýleki görnüşleriniň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Futbol adamzadyň sport älemindäki gözlegleriň netijesinde düzgünleşdirilendir. Bu oýun türki halklarda hem ir wagtlarda ýüze çykypdyr. Orta Aziýadaky türki halklaryň futbol oýnuny bellenilen düzgünlere görä oýnandyklaryna şol döwrüň eserlerinden göz ýetirmek bolýar. Mahmyt Kaşgarlynyň ady belli «Türki sözleriň diwany» atly eseriniň birinji bölüminde türki milletleriň asyrlarboýy top oýnandyklary aýdylýar hem-de bu oýnuň oýnalyş düzgünleri beýan edilýär. Ir wagtky futbol oýnuna «tepuk» diýlipdir. Häzirki zaman türkmen dilinde «depmek» görnüşinde ulanylýan bu söz gadymy «tepmek» sözünden gelip çykypdyr. Top diňe aýak bilen depip oýnalandygy üçin «tepuk» adyny alypdyr.

     «Teýmiriň taryhy» atly kitapda «tepuk» futbol oýnunyň Teýmirleňiň döwründe hem oýnalandygy bellenilýär. Içi howa bilen doldurylgy guzy hamyny top edip ulanypdyrlar. Oýnuň dowamynda topy ellemän, diňe aýak bilen urupdyrlar. Bu oýun Teýmirleňiň goşuny tarapyndan hem oýnalypdyr. Olar çalasyn hereket etmek we güýçlenmek üçin topy höwes bilen oýnapdyrlar.

     Grek şahyry Gomeriň «Odisseýa» kitabynda hem futbol oýny barada aýdylýar. Biziň eýýamymyzdan öňki VIII-X asyrlarda futbol belli bir düzgünlere görä oýnalypdyr. Aýratyn hem goşunlaryň arasynda oýnalan bu oýna «Episkiros» diýipdirler. Häzirki döwürde oýnalýan futbol bolsa Isa pygamber doglanyndan soň, Rim goşunlarynyň arasynda oýnalyp başlanypdyr. Meýdançada oýunçylaryň goranmak, hüjüm etmek we ýardam etmek ýaly wezipeleri bolupdyr. Bu wezipeler häzirkizaman futbolunda hem bar. Uly döwlet guran iňlisler basyp alan ýerlerinde ýerli halkyň oýunlaryny öwrenipdirler. Rim imperiýasynda giňden ýaýran futbol 30 adamdan ybarat toparlarda oýnalypdyr. Soň-soňlar bu oýun Angliýada hem oýnalmaga başlapdyr. Ýöne iňlislerde bu oýun belli bir meýdançada däl-de, ýaşaýyş jaýlarynyň arasyndaky boş ýerlerde, giň ýollarda oýnalypdyr. Futbola gyzygan halk soňabaka ikä bölünip başlapdyr. Emma howply oýun diýlip, 1314-nji ýylda Eduard II tarapyndan futbol oýnamak gadagan edilipdir. Muňa garamazdan, iňlis halky futbol oýnamagy gizlinlikde dowam edipdir. Şol döwürde futbol el we aýak bilen oýnalypdyr. XVII asyrda Beýik Britaniýada oýnuň düzgünleri has hem üýtgedilipdir we häzirkizaman futboly orta çykyp başlapdyr.

     Futboluň ösüş döwürlerindäki täsin maglumatlar bilen gürrüňimi jemlemek isleýärin.

 

FUTBOLUŇ ÖSÜŞ DÖWÜRLERI

         1846 — «Kembrij düzgünleri» ady bilen ilkinji düzgünler kabul edilýär.

    1855 — bir iňlis futbol topary ilkinji gezek Angliýadan daşarda oýun oýnaýar. Rezinden ilkinji top taýýarlanýar.

         1857 — Angliýada ilkinji futbol topary «Sheffield Сlub» döredilýär.

         1863 — Futboluň ilkinji resmi düzgünleri kabul edilýär.

         1870-1872 — ilkinji milli toparlaryň duşuşygy Angliýa bilen Şotlandiýanyň arasynda geçýär.

         1875— Derwezäniň ýokarky bölegi goýlup, tor dakylýar.

         1891 — 11 metrlik urgy kabul edilýär.

       1904 — 21-nji maýda 7 döwletiň futbol federasiýalarynyň gatnaşmagynda, Halkara futbol federasiýasy — FIFA döredilýär. Ol döwletler Fransiýa, Daniýa, Gollandiýa, Ispaniýa, Şwesiýa, Şweýsariýa we ş.m.

 

Murad SABUROW,

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň

8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 110 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR