ŞANLY GARAŞSYZLYGYMYZYŇ 32 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANDY

     Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy giňden dabaralanýar. Bu möhlet aýdylyşy ýaly, taryh üçin öran gysga möhlet. Emma ömrüň bahasynyň ýaşalan günleri bilen däl-de, bitirilen işleri bilen ölçelişi ýaly, biziň ýurdumyzda Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri sany we ähmiýeti taýdan iňňän möhüm işler durmuşa geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly başlangyçlary netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyz bu gün halkymyzy bagtyýarlyga besleýär, ähli halklary dost-doganlyga çagyrýar.

     Hawa, Garaşsyzlyk alyp galkynan bagtyýar türkmen halky milli gymmatlyklara, medeni-mirasa baý halkdyr. Çünki, Garaşsyz Diýarymyz tutuş sebitde umumadamzat gymmatlyklarynyň saklanyp galan medeni ojagydyr. Biz hem hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň geçmişimize, taryhy ýadygärliklere, medeni gymmatlyklara bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, gezelenç çärelerini yzygiderlilikde geçirýäris.

     Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Mary şäheriniň Jemagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelenç çäresi geçirildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýaşlaryň arasynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, gazanan üstünliklerini wagyz etmek, ýaş nesilleriň ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza we milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza söýgini gazanmak hem-de gadymy gymmatlyklarymyzy ýaşlara açyp görkezmek maksady bilen guralan gezelenje şol hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, mugallymlary hem-de TMÝG-niň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     “Ösüşli Diýarymyzyň bagtyýar ýaşlary Garaşsyzlygyň saýasynda” ady bilen guralan bu gezelenç örän täsirli bolup, muzeýde ýerleşdirilen milli baýlyklarymyz ýaşlaryň ünslerini özüne çekdi. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gazna bölüminiň ylmy işgäri, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Sülgün Ahmedowanyň bu ýerde saklanýan gadymy tapyndylar barada aýdyp beren gyzykly gürrüňleri ýaşlarda halkymyzyň taryhyna bolan uly gyzyklanmany döretdi. Muzeýiň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döredilen wagtlaýyn sergisinde ýerleşdirilen gymmatlyklar bagtyýar ýaşlarda ata Watanymyza, ajaýyp zamanamyza, şanly Garaşsyzlygymyza hem-de baky Bitaraplygymyza we milli medeni-mirasymyza bolan söýgüni has-da artdyrdy. Gezelenjiň ahyrynda milli medeniýetimize, sungatymyza sarpa goýýan, halkymyzyň taryhyny düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

Abdylla HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary şäher Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 1 okalan

BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

03 Iýun 2025 | 25 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA