Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi, ýaşlaryň kitap okamagy üçin giň şertleriň döredilmegi babatda taýsyz tagallalar edilýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen kitaphana ulgamy bilen bir hatarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap Geňeşiniň hem-de etrap kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga etrabymyzyň ýaş okyjylary gatnaşdylar.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendinden ugur alyp, ýaşlary kitaphanalara çekmek, olarda kitaba bolan höwes döretmek hem-de ýaşlaryň arasynda kitap okamagy, kitaphana medeniýetini wagyz etmek maksady bilen guralan bu duşuşyk «Älem syry kitap bilen açylýar» diýlip atlandyryldy.
Duşuşykda çykyş edenler kitabyň ylymlar dünýäsidigi, paýhas gönezligidi, gymmatly genji-hazynadygy we älem syrynyň açarydygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarynyň dowamynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň hem ýaşlar üçin terbiýe mekdebidigini buýsançly belläp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Sähra UMMALYÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýatynyň
Sakarçäge etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.