Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşi we Gyzylarbat garnizony bilelikde tassyklanan meýilnamasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz etmek maksady bilen harby bölüminiň ähli şahsy düzüminiň arasynda, kümüş saçly enelerimiziň, ak sakally ýaşulylarymyzyň we harby gullukçylaryň gatnaşmagynda, harby bölümde «Watan —mukaddesligi» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk täsirli bolup, çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeleriniň barha rowaçlanyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri bolup, türkmen ýaşlarynyň hakydasynda müdimilik orun aljakdygy barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi, Arkadag şäheriniň açylyp ulanylmaga berilmegi, ýaş nesliň durmuş goraglylygynyň, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmegiň toplumlaýyn ulgamynyň kemala gelmegi, munuň özi ýaşlaryň saglygyny goramak babatda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet başyna ilkinji geçen gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary hem muňa aýdyň güwä geçýär.
Çykyşlaryň ahyrynda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!
Güljahan GARAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.