MILLI MIRASA SARPA

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat prokuraturasy, Balkan welaýat Polisiýa müdirligi, Balkan welaýat Baş Bilim müdirligi bilen bilelikde Balkan Lukmançylyk orta okuw mekdebinde okaýan talyp gelin-gyzlarynyň arasynda ene-mamalarymyzdan miras galan medeni gymmatlyklarymyz bolan, milli el işlerini, gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzy ýaş nesillere ýetirmek, olaryň gadyr-gymmatyny düşündirmek maksady bilen «Milli mirasa sarpa» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň baý medeni mirasynyň dünýä derejesinde belent ykrarnama eýe bolandygy, türkmen zenanlarynyň el hünärinden kemal tapan halyçylyk sungatynyň hem abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilendigini buýsanç bilen bellediler. Dünýä halklary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän halyçylyk we keşdeçilik sungatynyň gymmaty hiç haçan egsilmezdir. «Iňňe bilen guýy gazan ýaly» diýdirýän keşdeçilik, halyçylyk sungatynyň türkmen zenanynyň ykbaly, durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýratyn bellemek möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň öz baldyzynyň durmuş toýuna niýetläp, çeper elleri bilen sünnäläp bejeren, kalbynyň mährini siňdiren kürtesi türkmen keşdeçilik sungatynyň gaýtalanmaz gudratdygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklady. Üstünden birnäçe ýylyň geçendigine garamazdan, onuň özüniň gözel durkuny saklap galmagy el hünäriniň jadyly güýjüniň aýdyň nyşanydyr. Ogulabat ejäniň bu babatda türkmen zenanlaryna nusgalyk ýoly döredendigini aýratyn bellemek möhümdir. Täze dogulan taýçanaga Gahryman Arkadagymyzyň öz käbesi Ogulabat ejäniň dokan alajasyny dakmagy, halkymyzyň milli mirasyna goýýan belent sarpasynyň hem-de el hünäriniň jadyly gudratyna berýän ýokary bahasynyň aýdyňlygyny görkezendir. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu senediň dünýä halklarynyň medeniýetiniň bir bölegine öwrülmegine ýardam eder. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, mähriban halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen zenanlary söýgüsini, mährini, tebigat gözelliklerini, arzuw-umytlaryny el işlerine siňdiripdirler. Milli mirasymyza sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Ennebike ANNAGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

ARMAWERIŇ PAGTAÇYLAR

Indiki makala

WATAN — MUKADDESLIGI

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR