Pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde ýygymçylar bilen bir hatarda, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly kombaýnlarynyň mehanizatorlary hem gujur-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Pagta ýygymy döwrüniň başlanmazyndan öň kombaýnlaryň tejribeli mehanizatorlara berkidilip, olar bilen ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine gönükdirilen çäreler hem öz wagtynda geçirilmegi, ähli zerur şertleriň döredilmegi netijesinde pagta harmanynyň barha belende göterilmegine saldamly goşant goşýar. Arkadag serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «ak altyn» hasylyny çalt we isripsiz ýygnap, Watan harmanyna öz wagtynda tabşyrmak ugrynda alnyp barylýan işlerde yhlaslylyk, erjellik görkezýän kärendeçi daýhanlar, ýygymçylar, mehanizatorlaryň «armasyny» ýetirmek, olaryň höwesini artdyrmak bolsa aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Pagta ýygymynyň dowam edýän günlerinde etrap häkimligi, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Armaweriň pagtaçylar» ady bilen pagta ýygylýan meýdanlarynda pagtaçylaryň arasynda günortanky medeni-dynç alyş çäresini gurnady. Çärä gatnaşyjylaryň öňünde etrabyň medeniýet bölüminiň bagşy-sazandalary, ýaş aýdymçylary, tansçylary Garaşsyz Watanymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş edip, pagtaçylaryň armasyny ýetirip, göwünlerini galkyndyrdylar. Bu çäre pagtaçylarda ýakymly täsir galdyryp, olaryň ýadawlygyny çykarmaga ýardam berdi. Çäräniň ahyrynda jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Nury NURYÝEW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň başlygy.