DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY BARHA BERKEÝÄR

     Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gysga wagtyň içinde ata Watanymyzyň, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede ösendiginden, uly wakalaryň, ajaýyp açylyşlaryň mekanyna öwrülendiginden diňe biz däl, eýsem, älem ýüzi habarly. Bu döwletli işler bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, türkmene mahsus millilikleri mynasyp dowam etdirýändiginiň hem özboluşly aňlatmasydyr. Biz hem şeýle döwrüň ýaşlarydygymyza, öz ýaşlygymyzyň şeýle döwre gabat gelendigine diýseň begenýäris. Türkmen ýaşlary häzirki döwürde uly aladalar bilen gurşalýar. Diňe bir biziň öz döwletimizde däl, eýsem, dünýä giňişliginde özüni tanadýan maksadaokgunly, zehinli, oýlap tapyjy ýaşlarymyz juda köp. Bu hakykat biziň guramamyzy aýratyn buýsandyryp, buýsançly başymyzy belende göterýär.

     Bilşimiz ýaly, Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan bilen, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, şeýle-de «C5+1» diplomatik meýdançasynyň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. 2015-nji ýylda döredilen wagtyndan bäri bu mehanizm özüni ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýada howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin netijeli sebit meýdançasy hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, şol geçen ýyllaryň dowamynda «Merkezi Aziýa-Amerikanyň Birleşen Ştatlary» dialogy ministrler derejesindäki hyzmatdaşlyk, bilermenleriň duşuşyklary hem-de ykdysadyýet, energetika, daşky gurşawy goramak hem-de howpsuzlyk boýunça iş toparlarynyň alyp barýan işleri arkaly giňeldildi. Bularyň ählisi-de, geljek hakdaky alada bilen baglanyşýar. Sebäbi howanyň, daşky gurşawyň arassalygy, tebigy baýlyklarymyzyň rejeli peýdalanylmagy geljekki nesiller üçin iň uly mirasdyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Nýu-Ýorka eden iş saparynyň çäginde hem şular dogrusyndaky meselelere garaldy.

     Hormatly Prezidentimiziň ýakynda Täjigistan Respublikasynda amala aşyran iş sapary geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň konsultatiw duşuşygy hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşi umumy maksatlara laýyk hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze başlangyçlara badalga berdi.

     Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän açyk we deňhukukly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklaýar. 13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde söwda-ykdysady, syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu zatlaryň ählisi bolsa agzybirlik taglymatyna daýanýar. Çünki sebitdäki agzybirlik halkyň rowaçlygyna, döwletleriň ösüşine örän täsir edýär.

     Şular dogrusynda 2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 18-ne Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň guramagynda tegelek stoluň başyndaky syýasy gepleşik geçirildi. Geçirilen bu söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdymyzda halkara gatnaşyklarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem sebitleriň, döwletleriň, halklaryň, milletleriň arasynda dostluk köprüsini gurup, bize agzybirligiň nusgasyny görkezýän, her bir işinde halk bähbidini ileri tutýan türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

 

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

AK ALTYNYM — AK BAGTYM

Indiki makala

ARMAWERIŇ PAGTAÇYLAR

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR