AK ALTYNYM — AK BAGTYM

Döwletli Diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga has-da ruhlandyrýar. Altyn güýzüň häzirki ajaýyp günlerinde obadyr şäherleriň töwereklerinde, olardan has uzakdaky giň meýdanlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň çäksiz berekediniň nyşany bolup, bitgin düýpleri bezäp oturan ak hanalary, olaryň arasynda der döküp ýören ýygymçylary, pagta ýygýan kuwwatly kombaýnlary synlanyňda kalbyň heýjana gelýär.

Şonuň bilen birlikde pagtaçy edermen daýhanlaryň, «ak altynyň» belent harmanlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşmakdaky ynamly ädimlerinden habar berip, her bir adamy örän buýsandyrýar. Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda uly üstünlikler gazanylyp, ösüşleriň belent sepgitlerine ýetilýär. Ylmyň soňky gazananlary önümçilige ornaşdyrylyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär.

Kärendeçi daýhanlarymyz özleriniň köp zähmet siňdirip ýetişdiren bereketli gowaça hasylyny çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky depginlerini günsaýyn güýçlendirip, bu il-ýurt bähbitli işiň öňdebaryjylarynyň hatarynda bolmaga çalyşýarlar. Munuň şeýledigini hojalygyň bitginli düýplerindäki ak hanalara, ýetişen köreklere basyrynyp, ajaýyp görnüşleri bilen ýakyn uzak aralykdan ünsi çekýän gowaçalary aralap, öz işleri bilen gümra bolýan ýygymçylaryň haýsy biriniň golaýyna baryp, armasyny ýetirip, bir pursat gürrüňdeş bolanyňda-da, olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde döwlet harmanyna gündelik goşulýan, «ak altynyň» möçberlerini görkezýän sanlara göz aýlanyňda-da anyk görmek bolýar.

Halkymyzda «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýen nakyl bar. Ömrüniň agramly bölegini oba hojalyk işine bagyşlan, ene topraga yhlas edip, bol hasyl alýan ynsany göreniňde, bu nakyl biygtyýar seriňe bol hasyl alýan ynsany dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz oba hojalyk işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bilen bir hatarda, olaryň öndürijilikli zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertleri we mümkinçilikleri döredip berýär.

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde pagta meýdanlarynda bol hasyly kemala getirmek işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şeýle hem, Balkan welaýatymyzda pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli, şu jogapkärli möwsümde pagtaçylaryň armasyny ýetirmek we döwlet harmanyna öz goşandymyzy goşmak maksady bilen Balkan welaýat häkimliginiň gurnamagynda welaýatymyzyň zenanlary bilen bilelikde pagta ýygmak üçin Bereket etrabyna gitdik. Welaýat Jemgyýetçilik guramalaryň gurnamagynda ýygymçy zenanlarymyzyň arasynda zähmet bäsleşigini yglan edildi we ökde ýygymçylara jemgyýetçilik guramalaryň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşda ýaşaýan oba zähmetkeşleri özleri hakynda edilýän aladalara işlerinde uly üstünlikler, zähmetde ýokary netijeleri gazanmak bilen jogap berýärler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bagtyýar halkyny täze zähmet üstünliklerine, ajaýyp ýeňişlere ruhlandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, buýsançly başlary aman bolsun!

 

 

Gültäç ALYHANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR