Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Balkan welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Balkan welaýat bölümi bilen bilelikde Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2023-nji ýylyň 10-njy iýulynda geçiren mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan talaplary ýerine ýetirmek, şeýle hem, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde meýletinçilik işiniň gerimini giňeltmek we olaryň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň talyplarynyň, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagtçylyklarda özüňi alyp barmak boýunça maslahat duşuşygy geçirildi. Çykyş edenler adatdan daşary ýagdaýlar, tebigy betbagtçylyklar diýip nämä aýdylýandygyny, adatdan daşary ýagdaýlar 2 häsiýetli bolýandygyny birinjisi tebigat tarapyndan ýüze çykýan hadysalar olara: güýçli şemal, suw basma, ýer titreme, läbik süýşmeler degişlidigi, ikinjisi bolsa tehnogen heläkçilikler olara: adamlar tarapyndan ýüze çykýan hadysalar ýagny, awto heläkçilikler, ýangyn, senagat kärhanalarda heläkçilik, himiki we zäherleýji maddalar nädogry ulanylanda we ş.m. degişlidigi barada umumy düşünje berdiler. Duşuşygyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri, hususan-da tebigy we tehnogen häsiýetli howplar ýüze çykanda raýat goranyşyny guramak, onuň aýratynlyklary we halas ediş işleri hem-de bu howplaryň netijesinde onuň ýetirip biläýjek zyýanlary barada toplan tejribeleriniň esasynda giňişleýin çykyş etdiler.
Çykyşlaryň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, ýaşlara nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.