PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Beýik geljegimiz siziň bagtyýarlygyňyz, kadaly ösüşiňiz bilen aýrylmaz baglydyr» diýip ýaşlary gujur-gaýrat bilen döredijilikli, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň we Türkmenbaşy şäher bilim bölüminiň bilelikde gurnamagynda ýaş nesilleri watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyz esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmek maksady bilen ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenbaşy şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň şertleri esasynda oňa gatnaşan okuwçylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşini, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri we ýetilen sepgitleri, baky Bitaraplygymyzy, ýaşlaryň bagtyýar durmuşynyň çeper keşbini suratlandyrýan maketleri, surat eserlerini, «Dünýä dursun parahat» diýen temada ýazan düzmeleri bilen bäsleşdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenbaşy şäher bilim bölümi tarapyndan hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar bizi asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

Güljemal Baýlyýewa,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR