DÖWRE GURAP ŞATLANALYŇ

     Türkmen milli tans we folklor sungaty baý medeni mirasymyzyň özboluşly bir bölegidir. Medeniýetiň bir şahasy bolan türkmeniň tans sungaty gadymýetden gözbaş alyp, häzirki zaman äheňleri özboluşly sazlaşygy, özgertmeleri başdan geçirýär. Milli tans sungatynyň ýalkymy her bir halkyň medeniýeti, taryhyň açyk kitaby bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen medeniýetimiziň ösmeginde, ata-babalarymyzdan bize ýetip gelen milli mirasymyzy, edim-gylymlarymyzy, milli tans sungatymyzy täze öwüşgünde ýerine ýetirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän festiwallara gatnaşýarlar şeýle-de türkmen medeniýetini arşa galdyrmakda medeniýet hepdelikleri hem yzygiderli geçirilýär. «Türkmennebit» döwlet konseriniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni sport toplumynda şäheriň çagalar we döredijilik mekdebine gatnaýan okuwçylarynyň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň milli medeniýetini, gadymy we döwrebap sungatyny ösdürmek boýunça tagallalaryndan ugur alyp, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny goramak we bu baradaky işleri durmuşa geçirmek boýunça hereketleriň milli meýilnamasyna laýyklykda ýaş nesilleriň medeniýete bolan garaýyşlaryny ýokarlandyrmak, zehinli tansçy ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen «Döwre gurap şatlanalyň» atly milli tans bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar «Waspyň etsem tansym bilen» we «Tansa çyk tansa» atly iki şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň her iki şerti boýunça eminler toparynyň agzalary tarapyndan her toparyň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna, başarjaňlygyna, çykyşlaryň milliligine, döwrebaplygyna  seredip baha berdiler. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenbaşy şäher medeniýet bölüminiň hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň  Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Döwre gurap şatlanalyň» atly milli tans bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen bir hatarda, döretmäge, halal zähmet çekmäge, ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýdyp, olaryň janynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Annagül BEGNAZAROWA,

TMÝG-niň Türkmenbaşy şäher

Geňeşiniň uly buhgalteri

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR