MUKAMA SIŇEN ÖMÜR

       Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň nusgalyk ýollary we meşhur bagşy-sazandalar hakynda giňişleýin söhbet açýan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Beýik türkmen bagşy-sazandalaryndan bize miras galan saz sungaty ýyllaryň ýa-da ýüzýyllyklaryň däl-de, müňýyllyklaryň dowamynda ýaşaýar, baýlaşýar we hemişe çuňňur manylygyna, döwrebaplygyna galýar. Ol biz, diňleýjilere Watany söýmegi öwredýär, biparh bolmagymyza ýol bermeýär we biziň durmuşymyzy gyzykly, manyly, aýdyň edýär. Biziň sungatymyzyň beýikligi hem, bakylygyda şundadyr» diýip belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 27-nji oktýabrynda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň maksatnamasy esasynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde konsert geçirildi. Balkan welaýatynyň sungaty öwreniş, medeniýetşynaslyk, pedagogika, jemgyýetçilik we medeni çäreler boýunça öňdebaryjy raýatlarynyň, talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen aýdym-saz dünýäsindäki bu uly waka milli saz sungatynyň halypasy, beýik türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döredijiligine goýulýan sarpadan nyşandyr. Konsert başlanmazdan öň welaýatymyzyň medeniýet işgärleriniň, halypalarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda «Türkmenistanyň häzirki zaman kompozitorlyk mekdebini ösdürmekde Nury Halmämmedowyň döredijiliginiň ähmiýeti», «Kompozitoryň döredijiligi milli däp-dessurlar esasynda awtor stiliniň kemala gelmeginiň mysaly hökmünde» ýaly temalar köpçüligiň dykgatyna ýetirildi. Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Mukama siňen ömür» atly festiwalyň geçirilmeginiň esasy maksady meşhur kompozitoryň adaty däl zehinine düşünmäge synanyşykdyr çünki türkmen kompozitorynyň eserlerine dünýä derejesindäki sazandalar we simfoniki orkestrler tarapyndan ýokary baha berilýär we ýerine ýetirilýär.

 

 

 

Meňli GOÇMÄMMEDOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Balkanabat şäher Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 33 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 39 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR