SPORT – SAGDYN DÖWLETIŇ BERK BINÝADY

     Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy merdana halkymyzyň ruhy we beden taýdan saglygynyň sazlaşykly ösmegine itergi berýän möhüm serişde bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, halal zähmet çekmekleri, medeniýetli dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilen.

     Ýaňy-ýakynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli, şeýle-de, ýaşlaryň arasynda welosiped sportuny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi etrabyň häkimligi bilen bilelikde, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Saparmyrat Türkmenbaşy şäherçesiniň sport meýdançasynda «Sport – sagdyn döwletiň berk binýady» atly welosiped ýörişini geçirdi. Bu çäre welosiped sportunyň baýramçylygynyň giňden dabaralanmasynyň aýdyň şaýady boldy.

 

Kuwwat GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar