KÖNEÜRGENJE GEZELENÇ GURALDY

      Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna «Taryhy ýerlere gezelenç» atly gezelenç çäresini gurady. Ýaşlary milli ruhda terbiýelemek, türkmeniň baý taryhy mirasyny ýaşlara öwretmek, wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärä etrabyň 2-nji hem-de 51-nji orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Gezelenjiň çäklerinde «Nejmeddin Kubra» ýadygärlikler toplumyna baryldy. Bu ýerde goraghananyň ýörite wekili ýaşlara Köneürgenç topragynda ýaşap geçen beýik şahsyýetler, alymlar, ulamalar barada giňişleýin gürrüň berdi. Gezelenç oňa gatnaşanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar