MAGTYMGULY PYRAGY – ÖMRÜMIZIŇ ŞAMÇYRAGY

      Magtymguly Pyragynyň şygryýet mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan uly, ajaýyp we özboluşly goşandydyr. Bu miras diňe bir türkmen halkynyň milli buýsanjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň ähli halklarynyň çeperçilik gymmatlyklaryny düzýär. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan her bir setiri ýaş nesiller üçin terbiýeçilik mekdebi bolup durýar.

      Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň Andalyp şäher medeniýet merkezinde «Magtymguly Pyragy – ömrümiziň şamçyragy» atly söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Onda çykyş edenler şanly ýylymyzda paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde, Köpetdagyň eteginde gurlan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylyşy, şol seýilgähde dünýä edebiýatynda yz galdyran daşary ýurt şahyrlarydyr ýazyjylaryň heýkelleri, bu ýeriň ýurdumyzyň raýatlarynyň, daşary ýurtly myhmanlaryň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüljekdigi, seýilgäh toplumynyň Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny täze belentliklere götermekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

 

Şamyrat NAZAROW,

TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar