Ata erk edip, ezberlik bilen öňe okdurylýan çapyksuwarlaryň yhlasly çapuwyny Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly gadamlary bilen deňeşdirmek mümkin. Çünki biziň ösýän, özgerýän eýýamymyzda bedew bady bar.
Taryha nazar aýlasak, at çapyşyklary türkmen toýlarynyň bezegine öwrülip, bu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu günki gün bolsa, Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen, at çapyşyklary döwletimizde uludan tutulýan toý-dabaralarynyň bezegine öwrüldi. Bu baýramçylyk çapyşyklary diňe bir paýtagtymyzda däl, ähli welaýatlarymyzy gurşap alýar. «At agynan ýerde toý bolar» sözüniň tüýs diýleni-dä! Munuň özi, atçylyk sportunda halypa-şägirt ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, asylly däpleriň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ähli ugurlar boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn uly üns berýär. Atçylyk sportuny ösdürmek, maddy baýlygymyzy gorap saklamak boýunça hem uly işler durmuşa geçirýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda, Türkmen döwlet medeniýet institutynda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynda degişli ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.
Paýtagtymyzda Köpetdagyň eteginde gurlan Halkara atçylyk sport toplumy at çapyşyklaryny dünýä ülňülerine laýyklykda geçirmek üçin ähli şertler bilen üpjün edilendir. Bu atçylyk toplumynda, halkara kadalaryna laýyklykda, tomaşaçylaryň goýumlary üçin totalizator oturdylandyr. Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasyna bolsa, döwrebap örtük bolan politrek örtügi düşeldi. Hünärmenleriň baha bermegine görä, şeýle örtük atyň çapyş netijesiniň 3-4 sekunt ýokarlanmagyna, islendik howa şertlerinde at çapyşyklarynyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanyndaky üsti ýapyk meýdançaly täze okuw merkezi barada aýdylanda bolsa, bu ýer türkmen atçy türgenlerini taýýarlamaga uly mümkinçilik berýär. Bu merkezde türgenleşik geçen ýaşlar daşary ýurtlarda geçirilýän atly päsgelçilikden geçmek boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda gol çeken «Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek hakynda» Kararyna laýyklykda, çapuw ýodasyna döwrebap örtügiň düşelmegi sportuň bu görnüşine berilýän ünsüň ýokarydygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ýylyň ähli paslynda hem amatly, dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk toplumlary, ýapyk manežler, okuw merkezleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýerde türgenler kämilleşmek, ýokary derejede türgenleşigi alyp barmak we ukyp-başarnygyny artdyrmak üçin giň gurşawda türgenleşýärler.
Aty sarpalaýan, sporty söýýän türgenler döredilýän giň mümkinçilikleriň gurşawynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda yhlasly türgenleşip, dünýäniň sport giňişliginde türkmen Tuguny belentde pasyrdadýarlar. Ähli amatlyklar we oňyn şertler üçin her bir türgeniň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygy çäksizdir.
Mährijemal TOÝMEDOWA,
TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.