ÝAŞ TÜRGENLER – WATANYMYZYŇ ADYNY ARŞA GÖTERIJILER

     Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrabynyň  bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde, 1-nji sport mekdebinde sport çäresini geçirdi. Ýaşlary sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek, berk bedenli, sagdyn nesilleri kemala getirmek, sportuň woleýbol görnüşi boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen çärä etrabyň çägindäki sport mekdeplerinde sportuň woleýbol görnüşi boýunça tälim alýan ýaş türgenlerden düzülen woleýbol toparlary gatnaşdylar. Alty sany toparyň arasynda geçen woleýbol ýaryşy çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Onuň jemleri boýunça, 2-nji sport mekdebiň tälimçisi Abdulla Haýytbaýewiň tälimçilik edýän topary I orna, 3-nji sport mekdebiň tälimçisi Didar Pirkulyýewiň tälimçilik edýän topary II orna, 1-nji sport mekdebiň tälimçisi Alym Aýytbaýewiň tälimçilik edýän topary III orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňiji toparlaryna onuň gurnaýjylary tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar