«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly Balkan welaýatynyň etrap-şäherlerinde hem mukaddes Gurban baýramy mynasybetli toýlanýan toýlaryň dabarasy dag aşýar. Gurban baýramy myhmansöýerligiň, agzybirligiň, jebisligiň, hoşniýetliligiň, päkligiň baýramy bolmak bilen, ähli ynsanlary birek-birek bilen mähribanlaşdyrýar, dostlaşdyrýar. Biz hem Gurban baýramy mynasybetli TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň agzybir hünärmenleri bolup Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Gölliýewleriň maşgalasynda myhmançylykda bolmagy makul bildik. Maşgalanyň körpejesi Gülsün jigimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagy başardy. Şeýle zehinli ýaşlaryň bardygy bizi diýseň buýsandyrýar. Sebäbi çagalaryň döredijilik ukybyny açyp görkezmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, hem-de olary höweslendirmek, çagalarda watançylyk duýgularyny ösdürmek, döredijilik bilen meşgullanmaga höwes döretmek, bilesigelijilik, çeperçilik işjeňligini ýokarlandyrmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek biziň alyp barýan işimiziň esasy bolup durýar.
Myhmançylykda bolan wagtymyzda Gülsün jigimiziň enesi Akbibi Gölliýewa we ejesi Toýbibi Gölliýewa öz balalarynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde «Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolmagynyň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmat bahaly sowgadyna eýe bolmagynyň olary örän begendirendigini aytdylar. Şöhbetdeşlige gatnaşanlaryň her biri ähli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýetip gelen Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar!
Ananýaz SAPAÝEWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.