2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden dabaralanýan Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň bilelikde guramaklarynda «Ylym-bilim ösüşlere şamçyrag» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. «Nebitgazylmytaslama» institutynda geçirilen maslahata institutyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatda ylmyň jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orun tutýandygy, şeýle hem ylmy goldamak we ony ösdürmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärlerine, ylym bilen meşgullanýan ýaşlara aýratyn sarpa goýýandygyny buýsanç bilen bellediler. Dabaraly maslahatyň dowamynda Ylymlar güni mynasybetli «Nebitgazylmytaslama» institutynda zähmet çekýän göreldeli işgärlere TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Hakmyrat KIŞJIKOW,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň başlygy