«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda, bedenterbiýäniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolamagynda, ýokary netijeli sportuň we olimpiýa hereketiniň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň nusgalyk görelde görkezýändigi has hem guwandyryjydyr. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini terbiýelemek we ony giňden wagyz etmek we temmäkiniň zyýanly täsirlerini düşündirmek maksady bilen, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmakda ähmiýetli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan adam baradaky çäksiz alada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr!», Döwlet diňe halky bilen Döwletdir!» diýen baş şygary bilen utgaşýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy» türkmen halkynyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn jemgyýetimizi mundan beýläk-de berkitmäge oňyn netijesini berýär. Lukmançylyk ylmynda subut edilişi ýaly, çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany gaty ulydyr. Adamyň bedeninde temmäkiniň zäherleýji maddalarynyň täsir etmeýän agzasy ýokdur. Çilimiň tüssesinde zäherli himiki maddalaryň 400-den gowragynyň bardygy mälimdir, olaryň 43-si dürli beden agzalarynyň howply täze döremeleriniň ýüze çykarmagyna getirýär. Çilimiň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl-de, eýsem, onuň töweregindäki adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek her bir adama saglyk we abadançylyk getirýär. Berkarar döwletimizde ajaýyp zamanamyza guwanyp, saglykda ýaşamak her bir ynsanyň arzuwydyr. Öz halkynyň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyna gönükdirilen bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Şöhrat MÄMMETHANOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.