Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Mähriban halkymyzyň uly agzybirlik we ruhubelentlik bilen belleýän Gurban baýramy külli musulman dünýäsinde naýbaşy baýramlaryň biri bolmak bilen, onda milli däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Mukaddes baýramçylygyň hormatyna il agzybirligi, ýurt parahatçylygy, baş saglygy üçin dileg edilip berilýän sadakalar eziz halkymyzyň ata-baba dowam edip gelýän däp-dessuryna hemişe wepaly bolup, halkymyzyň agzybirliginiň güwäsine öwrülýär.
Gurban baýramy ynsanlaryň kalbynda birek-birege bolan mähremlige, dost-doganlyga bolan ajaýyp duýgyny güýçlendirýän baýramdyr. Şeýle bolansoň, bu günlerde edilen dilegleriň, ýagşy niýetleriň hasyl bolýandygyna ynanylýar. Gurban baýramynda adamlar jem bolup, säher bilen mal soýmaga girişmegi, zenanlaryň agzybirlikde nahar-şor taýýarlap saçak bezemekleri, ýaş oglanlaryň elleri tabakly ula-kiçä hyzmat etmekleri, goňşy-golamlaryň ýedi öýe salama baryp, şol ýerden duz-tagam datmaklary ýürekdeşligiň, arkadaşlygyň nyşanydyr. Gurbanlykda hiňňildiklerde uçmak, otdan towusmak ýaly däp-dessurlarymyz bularyň ählisi hem ynsanlaryň beden hem-de ruhy taýdan tämizlenmeginiň alamatydyr. Milli ruhda terbiýelenen, şeýle görüm-göreldede ösüp-örňän nesil hem şol ruhy terbiýäni dowam etdirýär. Şonuň üçin Gurban baýramyna ruhy terbiýäniň we ruhy gözelligiň baýramy diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyza goýulýan hormat-mertebäniň beýany bir söhbediň çygryndan has giňdir. «Dünýäniň gözelligini görmek üçin ilki bilen öz öýüň, ojagyň gözelligini görmegi başarmaly» diýýändir halkymyz. Şonuň üçin öz öý-ojagyny sarpalaýan ildeşlerimiziň her biri bu baýram günlerinde gurbanlyk sadakasyny berýär. Yurdumyzyň ähli ýerlerinde bu baýram döwlet derejesinde uludan bellenilýär.
Mukaddes baýram günleri ähli ynsanlaryň kalbyna pespälligiň, ýagşylygyň ornaşýan, bir-birege has ýakynlaşýan, bar bolan öýke-kineleriň ýatdan çykarylýan günleridir.
Köňülleri päkläp, ýüzleri nurlandyrýan Gurban baýramyňyz gutly bolsun! Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halkymyzyň abadan geljegi üçin edýän işleri rowaçlyklara beslensin!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.