Ýaňy-ýakynda Balkan welaýat häkimliginiň, Magtymguly etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň we Magtymguly etrap jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli şahyryň adyny buýsanç bilen göterýän Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärede akyldar şahyrymyzyň sözlerine döredilen aýdymlar, çeper kompozisiýa, ajaýyp şygyrlar, owadan tanslar ýerine ýetirilip, dabara gatnaşanlarda uly ruhubelentlik döretdi. Halkymyzy baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylan alkyşly sözler bolsa her bir çykyşlarda beýan edildi.
Serdar MYRADOW,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.