ÝOL ABAT – IL ABAT

      Ýakynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen körpeleriň arasynda, Türkmenistanyň  Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat we Gyzylarbat etrap Geňeşleriniň hem-de Gyzylarbat etrabynyň PÝGB-niň bilelikde guramagynda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklik boýunça gyzykly bäsleşik geçirildi. Çagalary ýol hereketiniň kadalary bilen tanyşdyrmak we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, köçelerde, ýollarda we jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek maksady bilen geçirilen bu çärede Gyzylarbat etrabynyň PÝGB-niň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany Tugurow Tugur aýratyn orny eýeläp, uly düşündiriş işlerini geçdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy we olara geljekde Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.

 

Gülruh NAZAROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT