Ýakynda Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat jemgyýetçilik guramalary, welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda duşuşyk maslahaty geçirildi. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmekde ýaşlaryň orny barada geçirilen maslahat «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – döwletlilik ýörelgesiniň gözbaşy» diýlip atlandyryldy.
Oňa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki edaralarda we kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň agzalary, mejlisiň deputatlary, il sylagly ýaşulylar we eneler gatnaşdylar.
Geçirilen duşuşyk maslahatynda çykyş edenler, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren giňişleýin mejlisinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyrygyndan ugur alyp, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýermek arkaly türkmeniň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanmak bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, agzybirligi, jebisligi berkitmekde hem-de demokratiýany ösdürmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýetiniň örän uludygy barada gürrüň etdiler.
Duşuşyga gatnaşanlar, il-halkyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Guwanç ÇENDIROW,
TMÝG-niň Balkan welaýat
geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.