KIM ÇALASYN, KIM ÇAKGAN?!

     Ýaňy-ýakynda şeýle şygar astynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi “Bagtyýar nesil” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda bäsleşik geçirdi. Çagalaryň tomusky dynç alşynyň täsirli we gyzykly bolmagyny gazanmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde “Şatlyk” we “Şowhun” toparlary özara bäsleşdiler.

     Şeýlelik-de, “Şowhun” topary bäsdeşinden öňe saýlanyp, bäsleşigiň ýeňijisi diýlip, yglan edildi. Ýeňiji topara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

     Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller hakyndaky edýän aladalarynyň aýdyň güwäsi bolan bu merkeziň sapaly goýnunda bagtyýar çagajyklaryň gülki sesleri belentden-belent ýaňlanýar.

 

Derýa MAGSADOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.