Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan Arkadag şäherinde geçirilen halkara matematika olimpiýadasynda I orna mynasyp bolan Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylarynyň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan, şeýle-de Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almaga gelen çagalaryň arasynda «Sport – sagdynlygyň binýady» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi.
Bäsleşik örän gyzgalaňly we şadyýan pursatlara baý bolup, oňa işjeň gatnaşan we ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Awazanyň ajaýyp, jana şypaly howasynda, Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga, wagtlaryny hoş geçirmäge döredip berýän döwrebap şertleri we giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çagalaryň ýürek buýsançlary aýdym bolup ýaňlandy.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.