Baky Bitarap Diýarymyz diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde parahatçylyk, durnukly ösüş ugrunda tagalla edýän ýurt hökmünde tanalýar. Şonuň üçin Berkarar döwletimiziň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlary iri halkara guramalar, beýleki döwletler tarapyndan oňlanylýar we goldanylýar.
Garaşsyz döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny gyşarnyksyz dowam etdirmek bilen, Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ähli ugurlarda pugtalandyrýar, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Gözelligiň hem şatlygyň, halkara dost-doganlygynyň hem çaga bagtyýarlygynyň, älemgoşar öwüşginli şuglasy bilen bezelýän Hazar kenarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu ýere gelenlerde uly ruhubelentlik döredýär.
Tomusky dynç alyş günlerinde gül çagalara Hazar kenarynyň bagyşlaýan ýakymy has-da üýtgeşik. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen her ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara çagalar festiwallary, maslahatlary geçirilýär. Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylary, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat-goldawlary bilen bejergi alan ýurdumyzyň çagalary hem-de paýtagtymyzda ýerleşýän Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri geçirildi.
Ajaýyp Hazaryň merjen kenarynda zehinli çagalaryň arasynda gözellige bolan höwesi artdyrýan, zehini, ukyp başarnygy ösdürýän bu çäreler ynsanperwerligiň, ahlaklylygyň, hoşniýetliligiň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk däpleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Bu ýerde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde bejergi alan we häzirki wagtda bu ýerde dynç alýan çagalar tanyşdylar hem-de dostlaşdylar. Bu çärelere gatnaşýan çagalar täsin deňiz kenarynda dynç almaga, deň-duşlary bilen dostlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar.
Oguljeren ÇENDIROWA
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.