Röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň sport bilen meşgullanmaklary, şeýle-de hem rahat dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň futbol we woleýbol görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Gyzgalaňly geçen ýaryşda çagalar öz ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan toparlara TMÝG-niň Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Körpe nesilleriň şeýle ajaýyp, şadyýan durmuşyny üpjün etmekde edýän atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gülbagt PÜRÇIKOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň
Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça hünärmeni.