MAŞGALAM – BAŞ GALAM

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 13-nji orta mekdebinde zähmet çekýän bilim işgärleriniň arasynda «Maşgalam – baş galam» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerimize laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigi, her bir maşgalanyň edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanýandygy, maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelip, birek-biregi hormatlamalydygy, söýmelidigi dogrusynda çykyş etdiler. Şeýle hem her bir maşgalanyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

 

Serdar MYRADOW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 81 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 69 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 55 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT