SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy bilen bilelikde gurnamaklarynda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Duşuşykda eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň tekliplerine laýyklykda, saglygy goramak boýunça maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli birnäçe iri saglygy goraýyş desgalarynyň ulanylmaga berilýändigi dogrusynda buýsanç bilen belläp, döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Baýramgül ESENOWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň

şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 51 okalan

MILLI EL IŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

18 Awgust 2025 | 43 okalan

DEŇZE ÇYKALGA – DÜNÝÄ ÇYKALGA