Milli Liderimiziň ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek, saýaly we miweli baglary oturtmak barada alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde Diýarymyzyň tebigaty barha gözelleşýär.
Sanlyja ýyllaryň dowamynda ekilip, idedilip, günsaýyn boý alýan tokaý zolaklary bu gün oba-şäherlerimiziň daş-töweregini, şäherara ýokary tizlikli ýollaryň gyralaryny bezeýär. Ýaşyl öwsüp oturan arçalyklary göreniňde gözleriň nurlanyp, kalbyňda watandaşlarymyzyň yhlasy bilen gözelleşýän tebigatymyza bolan buýsanç döreýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylda bag ekmek möwsüminde ata Watanymyzyň dürli ýerlerinde jemi 3 million düýp bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň tebigatynyň barha gözelleşmegine uly goşantdyr.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri hem-de işjeň agzalary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky taglymatynyň has-da rowaçlanmagy üçin yzygiderli çäreleri geçirýärler. Ýagny ýurdumyzyň çägindäki edara-kärhanalarda, daýhan birleşiklerinde, harby bölümlerde, mekdeplerde we çagalar baglarynda bolup, ýurdumyzda tokaý zolaklaryny döretmek barada milli Liderimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatyny içgin düşündirýärler hem-de ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada wagyz edýärler.
Şu günler biziň jemgyýetimiziň merkezi edarasynyň welaýatlardaky bölümleriniň hünärmenleri bag ekmek çäresine işjeň taýýarlyk görýärler. Şeýle hem welaýatlardaky bölümlerimiziň hünärmenleri meşhur bagbanlar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýarlar, olardan bag ekmegiň we olary idetmegiň inçe syrlaryny öwrenýärler. Çünki her bir nahaly şänikden, çybykdan ekmegiň hem-de sapmagyň, dökün, suw bermegiň özboluşly syry bar.
Halkymyzda bag ekmek, guýy gazmak, köpri gurmak iň bir sogaply iş hasaplanýar. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek çärelerine işjeň gatnaşyp, eziz Diýarymyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine goşant goşmak uly bagtdyr!
Şawkat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
02.03.2017ý.