Bu günki gün körpe nesilleriň arasynda aýdym-saz, sahna sungatyna höwes edýänler barha artýar. Munuň şeýledigine körpeleriň arasynda ýygy-ýygydan ýaýbaňlandyrylýan bäsleşikler hem güwä geçýär. Körpe zehinleri ýüze çykarýan şeýle bäsleşikleriň biri hem her ýylda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşigidir.
“Iň eýjejik gyzjagaz — 2017” atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry 17-nji martda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli geçirildi. Oňa, bäsleşigiň şertine laýyklykda, deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan ýurdumyzyň 1-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan eýjejik gyzjagazlar “Watan” kinokonsert merkeziniň bezemen sahnasynda 3 şert boýunça bäsleşdiler.
Döredijilik bäsleşiginde zehinli okuwçy gyzlar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen gözelleriniň görküne görk goşýan milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, şygyrlarynda ata Watanymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň, milli mirasymyzyň waspy belentden ýetirildi.
Bäsleşigiň üçünji şerti has hem gyzykly we çekeleşikli boldy. Bu şertde zehinli gyzjagazlar eminler topary tarapyndan ýaş aýratynlyklaryna görä taýýarlanan soraglara jogap bermekde bäsleşdiler. Bäsleşige tomaşa etmek üçin ýygnanan tomaşaçylar gyzjagazlary dabaranyň bütin dowamynda el çarpyşmalary we uly şatlyk-şowhun bilen goldadylar.
Ähli şertler boýunça bäsleşikler tamamlanandan soňra, şadyýan bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Baş baýraga mynasyp bolan ýeňijä we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dürli SAPAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
“Nesil” gazeti,
18.03.2017ý.