WATAN GORAGY MUKADDESDIR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Esenguly etrap Geňeşiniň hünärmenleri etrabyň 2115 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň arasynda bolup, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek maksady bilen «Watan goragy – mukaddes borç» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

Duşuşykda pederlerimizden gelýän watansöýüjilik ýörelgeleri, onuň bilen bagly öwüt-ündewler, şeýle hem Watan goragçylary üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler dogrusynda çykyşlar edildi.

Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda ata Watanymyzy goramakda, asudalygyny üpjün etmekde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

18 Awgust 2025 | 51 okalan

MILLI EL IŞLERI BOÝUNÇA BÄSLEŞIK

18 Awgust 2025 | 43 okalan

DEŇZE ÇYKALGA – DÜNÝÄ ÇYKALGA