Üstünlikleri nazarlaýan türgen

Türkmen türgenleri halkara derejeli iri ýaryşlarda gazanýan ýokary üstünlikleri bilen begendirmegi dowam edýärler. Olar Hormatly Prezidentimize halkara sport hereketini ösdürmäge goşýan goşandy, özleri barada edilýän alada üçin köp sagbolsun aýdýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän şeýle işleri netijesinde ýurdumyzda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap sport toplumlary guruldy hem-de Türkmenistan dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlary geçirmäge mümkinçilk aldy.

Türkmenistanly türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Indi ençeme ýyl bäri türkmen kikboksinkçileri hem şeýle hormata mynasyp bolup gelýärler. Bu türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň onlarça talyplary hem-de uçurymlary hem bar. Biz kikboksing boýunça geçirilýän dürli sport ýaryşlarynda ezberlik görkezip, üstünliklere tarap ynamly barýan ýaş türgen — bu institutyň sport fakultetiniň1-nji ýyl talyby Hajymyrat Geldimämmedow bilen söhbetdeş bolduk.

— Hajymyrat,ýaşdygyňyza garamazdan, kikboksing boýunça eýýäm oňat netijeleri görkezmegi başardyňyz. Bu sport görnüşi bilen haçandan bäri meşgullanýarsyňyz?

— Kikboksing bilen 13 ýaşymdan bäri meşgullanýaryn. Kikboksing boýunça geçirilýän sport ýaryşlaryna mekdepde bilim alýarkam gatnaşyp başladym. 2011- nji ýylda kikboksing boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda yglan edilen  ýaryşda 51 kilogram agram derejesinde çykyş edip, birinji orny we altyn medaly eýelemegi başardym. Gazanan bu üstünligim meni ezber kikboksingçi bolmak hakyndaky çagalyk arzuwymy myrada ýetirdi.

Şondan soňra sportuň bu görnüşine bolan höwesim has-da artdy, eýe bolan ilkinji baýrakly ornum meni täze ýeňişlere hyjuwlandyrdy.

Ýakynda Riga şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşmak maňa- da miýesser etdi. Ýaryş 11 ýurtdan bolan  kikboksinkçileriň 300-e golaýyny özünde jemledi. Onda üstünlikli çykyş edip, bürünç medaly gazandym.

— Sportuň onlarça  görnüşinden kikboksingi saýlap alypsyňyz. Kikboksinge sizin gözüňiz bilen seredip, oňa mahsus aýratynlyklaryň üstüni ýetirmek has-da gyzykly...

— Çagakam, elmydama teleýaýlymlarda berilýän sport gepleşiklerine uly höwes bilen tomaşa ederdim. Maşgala agzalarymyzyň hem sporta bolan söýgüsi ýokarydy, doganlarym bolsa kikboksing bilen meşgullanýardy. Sportuň onlarça görnüşiniň içinden kikboksingi saýlamagymyň sebäbi, öz başarnygymy we sport ukybymy kikboksinge laýyk gördüm.Gyzyklanýan sport görnüşimiň ilkinji «häsiýetnamasyny » doganlarymdan öwrenip,ýönekeýje hüjüm we goranyş usullaryny özleşdirip başladym. Wagtyň geçmegi bilen kikboksinge bolan gyzyklanmam özümi kämilleşdirmegime ýardam etdi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň elinde tälim almagym meniň öňde goýan maksadyma ýetmegimde oňyn netije berdi. Indi birnäçe ýyl bäri bu ussat tälimçiden kikboksingiň inçe syrlaryny we tilsimlerini öwrenýärin.

— Kikboksing sportuň şikes almak mümkinçiligi ýokary bolan görnüşleriniň biri  hasaplanýar. Türgen tutluşyklara dine fiziki taýdan däl, eýsem garşydaşyň urgularyny kabul etmäge we gaýtawul bermäge hem psihiki taýdan taýýar bolmaly. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlyk maşklary we türgenleşikler nähili  ýöriteleşdirilýär?

— Sportuň şu görnüşinde şikes almak mümkinçiligi, hakykatdan hem, ýokarydyr. Çünki kikboksing güýçli urgulardan hasyl bolýar. Şeýle hem sportuň bu görnüşinde türgen hemişe  hereketde bolýar. Bu bolsa myşsalara agram salmalar bilen bagly çydamlylygyň, hereketiň deňagramlylygynyň, tizligiň we maýyşgaklygyň ýokary derejesini talap edýär. Kikboksinge ýöriteleşmek üçin köpdürli maşklary ýerine ýetirmek zerurdyr. Türgeniň Kikboksingiň haýsy ugry boýunça ýöriteleşendigine garamazdan, türgenleşik işleriniň iki görnüşi — aerob we anaerob bir wagtda alnyp barylýar. Ýüpde towusmak anaerob maşklaryna degişli bolup, ýürek işini türgenleşdirýär. Ylgaw maşklary bolsa aerob görnüşine girýär. Şeýlelikde, biz türgenleşigi gimnastikanyň usullaryny özünde jemleýän maşklary, dem alyş üçin maşklary we beýleki ýöriteleşen maşklary ýerine ýetirmek arkaly geçýäris. Türgenleşik işlerinde suwda ýüzmegiň hem ähmiýeti ýokary bolýar.Adaty ýagdaýda türgenleşik iki wagtyna, ýaryşa gatnaşylýan döwürde bolsa üç ýa-da dört wagtyna birnäçe sagatlap geçirilýär.

— Siz Aziada — 2017-de kikboksing boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzümine aýlanmaga dalaşgärleriň biri. Şeýle uly sport wakasynyň öňüsyrasynda nähili duýgulary başdan geçirýärsiňiz?

— Kikboksing Aşgabat Aziadasynyň oýunlar maksatnamasyna girýän görnüşdir. Şu ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde kikboksing boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Aşgabat Aziadasy üçin deslapky saýlama toparyna  girýändigime garamazdan, bu halkara synag ýaryşy Aziada —2017-ä gatnaşmaga hukuk gazanmakda esasy saýlama çykyş bolar. Öňde kikboksing boýunça ýaýbaňlandyryljak halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlar entek köp. Şeýle- de bolsa, Aşgabat Aziadasyna kikboksing boýunça gatnaşjak milli ýygyndy toparyň düzümine saýlanmak ugrunda geçiriljek ýaryşlar meniň üçin has ähmiýetlidir. Şonuň üçin-de ýaryşlarda ýokary ussatlyk görkezmek üçin yzygiderli türgenleşik geçýärin.

Paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmagy we sport taýýarlygymy has-da ýokarlandyrmagy maksat edinýärin. Ol bolsa meniň ýeňşe bolan hyjuwymy we özüme bolan talabymy  artdyrýar.

 — Hajymyrat, söhbetdeşlik üçin köp sagboluň. Size hem-de V Aziýa oýunlarynda  Türkmenistanyň kikboksing boýunça milli ýygyndysyna saýlanmaga dalaş edýän türgenlere uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Söhbetdeş bolan

Aýsenem GURBANOWA,

žurnalist.

“Nesil” gazeti,

01.04.2017ý.

Meňzeş habarlar