Bedew at bilen meşgullanýan adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer we zähmetsöýer, maksada okgunly bolýandygyny ata-babalarymyz özleriniň toplan köpýyllyk tejribelerinden bilipdirler. Şonuň üçin-de olar öz nesillerine çagalykdan bedew münmegiň, oňa ideg etmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwredipdirler.
Türkmen halky laçyn ganatly bedewine bolan söýgüsini ýokary derejede wasp edýär. Bedewlerimiziň gözelligini, wepadarlygyny, ajaýyp, sazlaşykly hereketlerini pederlerimiz halk döredijiligine siňdiripdirler. Olaryň döreden “Oguznama”, “Gorkut ata”, “Görogly” ýaly şadessanlarynda bedewlerimiziň gaýtalanmajak häsiýetleri, ajaýyp sypatlary bilen birlikde bedew atyň türkmen durmuşyndaky orny, gymmaty, ähmiýeti çeper beýan edilýär. Öz durmuşlaryny bedew atsyz göz öňüne getirip bilmedik halkymyz at bilen baglanyşykly “At — adamyň syrdaşy”, “Atym bar — ganatym bar”, “At agynan ýerde toý bolar”, “At — myrat”, “At — döwlet” ýaly atalar sözleridir nakyllary döredipdirler.
“Ahalteke aty türkmen halkynyň beýik syrydyr” diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu beýik, gaýtalanmajak derejede kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Arkadag Prezidentimiziň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly gymmatly eserleri türkmeniň seýisçilik sungatyna bagyşlanan eserlerdir. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynda türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy bilen tanyşman, eýsem hormatly Prezidentimiziň bedew ata bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna, milli Liderimiziň ýedi arkasynda tutuş sebiti baglan seýisleriň bolandygyna göz ýetirýäris.
Berdimuhamet mugallymyň süýtdeş agasy, kolhozyň atbakary, atşynaslyk bilen çagalykdan meşgullanan Aba Annaýewiň ussat atşynas, ökde seýis bolandygy baradaky arhiw maglumatlary saklanyp galypdyr. Bu dogrusynda hormatly Prezidentimiz “Älem içre at gezer” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Aba Annaýewiň ady 1916-njy ýyldan bäri Zakaspi oblastynyň Aşgabat uýezdiniň atçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynyň düzüminde görkezilip gelinýär. Şol resminamalarda onuň gara reňkli, üçýaşar, maňlaýy sakar meşhur bedewiniň bolandygyny okamak bolýar”. Aba Annaýewiň bedew ata ideg etmek barada beren gymmatly maslahatlary biziň günlerimizde-de seýisçilik sungatynda ulanylýar. Olaryň käbirlerini hormatly Prezidentimiz “Älem içre at gezer” romanynda getirip, şeýle ýazýar: “Aba: “Bedewe “haýwan”, “mal” diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir” diýerdi”. “Döwlet guşy” romanynda Aba aganyň bedewleriň derdini anyklaýşy, ata ideg edilende mahal-mahal onuň gözlerine seredip, içki dünýäsine aralaşyp durmak barada beren maslahatyny şeýle ýatlaýar: “...sen atyň aram-aram ullakan garamyk gözlerine bir seret ahyryn.
Gözlerinde ähli derdini aýdýar-a ol”.
Ussat seýis Aba Annaýewiň bedew ata bolan yhlasy we söýgüsi oňa ynsanlaryň bedewe bolan garaýşyny gözünden aňmaga mümkinçilik beripdir. Aba aga inisi Berdimuhamediň bedew ata üýtgeşik mähir we söýgi bilen garaýandygyny, onuň bedewleri göreninde gözlerinde döreýän uçgunlardan görendigi, şonuň üçin-de inisine at çapmagyň tilsimlerini öwredendigi dogrusynda hormatly Prezidentimiz “Älem içre at gezer” romanynda şeýle ýazýar: “Towsaklap duran bedew atlary görende inisiniň gözleriniň ýanyp başlaýandygyny, olara nähili söýgi bilen garaýandygyny bilip, onuň basym-basymdan athana gelip durmagyny isleýärdi. Ol inisine iň gowy çapuw atlaryň biri bolan Tuwlugy-da sowgat edipdi. Oňa özi seredip berýärdi, seýisleýärdi. Aram-aram onuň aty aýlawda ozup, baýrak alaýdygy, obadaşlary Berdimuhamedi gutlaýardylar. Ol bolsa minnetdarlyk bilen agasyny ýatlardy...”
Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa maşgalada edil çaga sereden ýaly seredilendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romanynda çeper beýan edilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde-de atynyň aladasyny edip, ony obadaşy, eseriň gahrymany Berkeli aga berip gidişi, şol pursatda onuň aty Dagarman bilen hoşlaşygy şeýle beýan edilýär: “Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Dagarman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy”. Eserde: “Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy” diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini beýan edýär.
Ýurdumyzda köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyz hakynda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ýaly hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa olary ajaýyp, arassa ganly tohum atlarymyzy ýetişdirmekde ruhubelent we yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiklerini geçirmek, iň owadan bedewleri ýetişdiren atşynaslary sylaglamak ajaýyp däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary dünýäniň dürli döwletlerinde şowly çykyş edip, uly üstünlikleri gazanýar. Olaryň yzly-yzyna sirk sungatynda, at üstündäki oýunlarda gazanýan ýeňişlerini dünýä ykrar edýär.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem döwrebap aýlawlar gurlup, ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu aýlawlaryň gurulmagy bilen ýurdumyzda atçylyk sport ýaryşlarynyň, atlaryň gözellik bäsleşikleriniň halkara derejesinde geçirilmegine mümkinçilik döredi. Bedewlerimiziň şan-şöhratynyň bütin dünýäde ýaýylmagy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi üçin Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bedew atlarymyza goýulýan uly sarpanyň aýdyň beýanydyr.
Milli ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
27.04.2017ý.