Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, bagtyýar we abadan durmuşyň bähbidine döretmek, gurmak, uly üstünlikleri gazanmak, elmydama kämillige ymtylmak watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr.
Watansöýüji ýokary ahlak sypatly, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ata-babalarymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine wepaly ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň baş wezipeleriniň biridir. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzda ýaşlar syýasaty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şöhratly geçmişimiz döwrebap dowam etdirilip, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, päk ahlakly, gollary hünärli bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýär. Ýaşlar bu gün döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalaryň gözli şaýady bolup, olara işjeň gatnaşýarlar, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar.
Esasy Kanunymyz esasynda kepillendirilen kanuny hukuklaryndan ýerlikli we döredijilikli peýdalanýan ýaşlar bu gün Berkarar döwletimiziň ykdysady binýadynyň has-da pugtalanmagynyň, halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagynyň, eşretli hem aýdyň, ýagty hem nurana geljegimiziň hatyrasyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekip, yzygiderli kämilleşýärler. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge hem-de halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýaşlaryň mynasyp goşant goşýandyklary guwandyryjydyr.
Ýurdumyzda hereket edýän “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, beden, ruhy taýdan ösmegi bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, maşgala gurmagy, ylymlar dünýäsine aralaşmagy, telekeçilik bilen meşgullanmagy, iş bilen üpjünçiligi kepillendirilýär. Özlerine döwlet derejesinde şeýle uly ünsüň berilmegi, ýaş nesliň alada bilen gurşalyp alynmagy ýaşlarda Gahryman Arkadagymyza, berkarar döwletimize, abadan, asuda ýurdumyza bolan buýsanç, guwanç duýgularyny goşalandyrýar. Olaryň hormatly Prezidentimiziň, mähriban Watanymyzyň, agzybir ilimiziň öňündäki perzentlik borçlaryna wepalylyk duýgularyny artdyrýar.
Parasatly syýasatyň netijesinde türkmen ýaşlary ilhalar ynsanlar bolup ýetişýärler. “Nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmegi meniň baş aladamdyr” diýýän Gahryman Arkadagymyz ýaşlara watansöýüjiligiň, päk ahlaklylygyň, merdanalygyň we halallygyň, ýokary adamkärçiligiň, sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmegiň belent nusgasyny görkezýär. Milli Liderimiziň şahsy göreldesi ýaşlara diňe bir beden taýdan taplanmagy däl, eýsem öz erk-islegini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge, okuwda, işde täze üstünlikleri gazanmaga, erjel we tutanýerli bolmaga, saýlap alan hünärinde kämilleşmäge uly höwes döredýär. Eziz Arkadagymyzyň bildirýän ynamyny ödemek türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr!
Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.
“Nesil” gazeti,
04.05.2017ý.