Dabaraly atly ýöriş

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda Gadymy Nusaý galasyndan badalga alan dabaraly atly ýöriş Ahal, Balkan, Daşoguz we Lebap sebitleriniň obadyr şäherlerini aýlanyp, Mary welaýatyna geldi. Bu günler atly ýöriş Mary welaýatynda üstünlikli dowam edýär.

Halkymyzyň şan-şöhraty, abraý-mertebesi hasaplanýan, ýüwrüklikde ýelden ýyndam, uzak ýollary geçmekde diýseň çydamly we çeýe bedew atlarymyza atlanyp, türkmen topragyny obama-oba, şäherme-şäher aýlanyp ýören ýigitler Mary welaýatynda ýörişini dowam etdirýärler. Atly ýörişe gatnaşýan ýigitler geçen ýylyň maý aýynda şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli Gadymy Nusaý galasyndan ýola düşüpdiler. Olar gözel Watanymyzyň ençeme taryhy, medeni ýadygärliklerini görüp, tebigatyň peşgeş beren gözelliklerini synlap, jana şypaly tenekar howamyzdan ganyp, halkara derejeli sport baýramyna barha ýakynlaşýarlar.

Halkymyzyň dünýä ýüzünde tanalmagynda bahasyna ýetip bolmajak taryhy tapyndylary goýnunda saklaýan Mary topragy bu gün ýene-de toý-dabara beslenýär. Sebäbi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilen günlerinde bu ýerde ýerleşýän gadymy Daňdanakan şäherinden tapylan tapyndylar, aýratyn hem türkmen alabaý itiniň şekiljigi halkymyzyň şöhratly adyny ýene-de arşa göterdi.

Şeýle bagtyýar duýgular bilen myhman garşylamagyň öz lezzeti bar. Milli tagamlar, hoş owazly aýdym-sazlar, teatrlaşdyrylan sahnalar, «dillije düwmejikler» ýaly gyzjagazlaryň okan goşgulary atly ýigitleriň armasyny ýetirdi. Olar ilki bilen Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesinde, soňra şol etrabyň täze ak mermerli Merw obasyna geldiler. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokary galdyrmak baradaky aladalarynyň netijesinde gurlan bu täze oba ýaşamak üçin döredilen oňaýly şertleri, giň we göni köçeleri bilen göwnüňi göterýär.

Atly ýigitler üçin taryhyň nesillere peşgeş goýan gadymy galalaryny görmek has hem täsirli boldy. Olar «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Uly we Kiçi gyz galalaryny, dünýä taryhçylaryny özüne kökerýän Soltan Sanjaryň kümmetini, Şähriýar galany, Soltan galany, Gäwürgalany synladylar. Öz döwründe ylmyň, medeniýetiň ojagy bolan gadymy Merw barada gyzykly rowaýatlary, kyssalary diňläp, şöhratly pederlerimiziň geçen ýoluna sežde edip, atly ýigitler ruhubelentlik bilen öňe barýarlar. Olar bizi güýz paslynda geçiriljek Aziada — 2017-niň oýunlary bilen duşurmaga barýarlar...

“Nesil” gazeti,

04.05.2017ý.

 

Meňzeş habarlar