Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň erkin we gülläp ösýän döwlet hakynda arzuwlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy. Esasy Kanunymyz we akyldar şahyryň parasatly garaýyşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň synmaz binýadyny döretdi, halkymyzy jebisleşdirýän egsilmez güýje öwrüldi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bezäp, zähmet üstünliklerini buşlap, goşa-goşadan gelýän toýlarymyz halkymyzy şatlyk-şowhuna besleýär, ruhubelentlige atarýar. Milli baýramçylyklarymyz halkymyzyň agzybirliginde we jebisliginde döwrebap derejede bellenilýär. Ol baýramçylyklaryň hatarynda ýurt berkararlygyny, halk agzybirligini dabaralandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň mynasyp orun tutmagy il-ulsumyzy guwandyrýar.
Halkymyzyň berkarar döwlet, parahatlyk we agzybirlik baradaky arzuwlary akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň düýp özenini tutýandygy üçin bu baýramyň Konstitusiýanyň kabul edilen senesi bilen bilelikde bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Hut şonuň üçin hem dana şahyryň döwletlilik, adalatlylyk, ynsanperwerlik baradaky pelsepewi garaýyşlary gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan, halk demokratiýasynyň tejribesine daýanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapýar.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halkyň berkarar döwletli bolmak baradaky garaýyşlary mynasyp orun eýeleýär. Şahyryň “Türkmeniň” goşgusynda bitewülik pikirleri öz beýanyny tapýar:
Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Şahyryň halkymyza bagyş eden dürdäne setirleri şu günki hem-de geljekki nesilleri ruhy-ahlak, watançylyk, zähmetsöýerlik, halallyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Şahyryň goşgularynyň manysy Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň kadalarynda öz beýanyny tapýar. Häzirki ajaýyp döwrümiz akyldar şahyryň arzuw-umytlarynyň we islegleriniň hasyl bolandygyny görkezýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly syýasaty netijesinde halkymyz asuda we abadan durmuşda ýaşaýar.
Eziz Diýarymyzyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny özünde jemleýär. Şonuň ýaly hem jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda hukugyň arabaglanyşygy şöhlelenýär. Esasy Kanunymyzdan kadalaşdyryjy hukuknamalar öz gözbaşyny alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy — munuň özi ýurdumyzyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyny, häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň tertibini hem-de ýörelgelerini, saýlawlar we sala-salşyklar ulgamynyň gurluşyny, raýatlaryň esasy azatlyklaryny, hukuklaryny we borçlaryny, döwletiň häkimiýet şahalarynyň gurluşyny we häkimiýet edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýän ýurduň Esasy Kanunydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň milli buýsanjymyzdyr. Umumadamzat gymmatlyklaryna eýe bolan özbaşdaklyk, berkararlyk, döwletlilik, agzybirlik baradaky kadalary özünde jemleýän milli buýsanjymyza öwrülen Konstitusiýamyz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmekde hem-de raýatlaryň syýasy, zähmet, durmuş, medeni we beýleki hukuklarynyň kanuny esaslaryny üpjün edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynyň ösüş ugurlary adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyna gönükdirilmek bilen, ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuk kepilliklerini, bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady derejesini we geljekki ösüşlerimizi özünde jemleýär. Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi Konstitusiýamyzyň we kanunçylygymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Konstitusiýa binasynyň gurulmagy bolsa hukuk binýadyny emele getirýän Esasy Kanunymyza bolan uly hormaty we sarpany aňladýar.
Konstitusiýamyzda Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýip yglan edilmek bilen, jemgyýetiň iň ýokary gymmatly baýlygy bolan adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň hukuk kepillikleri öz beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň türkmen halkymyza, adamzada bolan beýik söýgüsi, pähim-paýhasy, ruhy ýörelgeleri ynsany jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän konstitusion düzgünlerinde öz beýanyny tapýar. Konstitusiýa bu raýatlaryň we döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylygyň binýadyny emele getirýär.
Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwründe ýaşaýan agzybir halkymyz ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Agzybirlik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik, watansöýüjilik ýörelgelerinden ugur alnyp amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşyny mundan beýläk hem üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Halkymyzy ajaýyp döwletli döwranda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ähli işleri hemişe rowaç bolsun!
Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
11.05.2017ý.