MAŞGALA MUKADDESLIGINE BAGYŞLANAN ÇÄRE

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap Geňeşiniň etrabyň 19-njy orta mekdebinde etrap bilim bölümi, etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. «Maşgala mukaddesligi – halkymyzyň milli terbiýesiniň gönezligidir» ady bilen geçirilen duşuşyga orta mekdepde bilim alýan okuwçylar gatnaşdylar.

     Duşuşykda çykyş edenler halkymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp nesli kemala getirmek babatda ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler dogrusynda belläp geçdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Gülälek ÝAGŞYMYRADOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Bereket etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 76 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 67 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 52 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT