Ylymly ýaşlar — Watanyň kuwwaty

Eziz watanymyzda ýaşlaryň ylym-bilim kuwwatyny artdyrmak, döwrebap ylmy ugurlarda belent sepgitlere

Ýetmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaşlaryň ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döretmegiň, bilim berlişiň hilini barha ýokarlandyrmagyň, kämil şahsyýetleri we ussat hünärmenleri taýýarlamagyň geljegi — bu biziň ýurdumyzyň röwşen geljegini, halkara ornuny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň bilime, ylma aýratyn sarpa goýýan halkymyz bar. “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgäni durmuşyň ähli ugurlarynda giňden dabaralandyrýan milli Liderimiziň tagallasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ähli ugurlarynyň önümçilik-tehniki kuwwaty artdyryldy, tehnika we tehnologiýa taýdan düýpli täzeleniş işleri geçirildi. Bu bolsa biziň döwletimizde ýaşlaryň güýjüniň egsilmez baýlyk hökmünde sarpalanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Ýaşlarymyzyň öz aňyýetini barha kämilleşdirmegi we ruhy dünýäsini baýlaşdyrmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Biziň ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň sakasynda durmuş-ykdysady ugurlaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmegiň bitewi bir döwrebap ulgamyny döretmek, iş bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlary guramagyň tertibini kämilleşdirmek wezipeleri öňe sürülýär. Şeýle çäreleriň baş maksatnamasy we dürli ugurlar boýunça meýilnamalary düzülip, olar ýaşlaryň ozaly bilen döwrebap bilim almak, ylmyň öňdebaryjy ugurlarynyň nazaryýetine aralaşmak, ussat hem ýokary ahlakly hünärmenler bolup ýetişmek, kiçi we orta telekeçiligiň çäginde goşmaça iş ýerlerini döretmek, raýatlaryň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak çäreleriniň giň düzümini öz içine alýar.

Jemgyýetiň ylym we döredijilik kuwwatynyň ýokarlanmagy, kämil derejeli hünärmenleri ýetişdirmek üçin, bilim we ylmy merkezleriň hyzmatlarynyň uludygy subut edilen hakykatdyr. Bilşimiz ýaly, gysga möhletiň içinde geçirilen özgertmeleriň netijesinde, Türkmenistanyň ylym-bilim ulgamy halkara ülňülerine laýyk derejä çykaryldy. Orta we ýokary okuw mekdepleri döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Garaşsyz Watanymyzda ylym-bilim ulgamynda hiliň ýokarlanmagyna işjeň halkara gatnaşyklary hem täsir edýär. Bu barada Gahryman Prezidentimiz şeýle diýýär: “Halkara ähmiýetli gatnaşyklarymyz türkmen ylmynyň gazananlarynyň beýleki ýurtlara, olaryň ylymdaky täzelikleriniň bolsa biziň döwletimizde peýdalanmagy üçin edilýän aladadyr”.

Ata-babalarymyz “Ylymsyz bir ýaşar — ylymly müň” diýen nakylyň üsti bilen ýaşlarymyza ylmy dünýä içgin aralaşmagy öwüt-nesihat edipdirler. Ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmak, diňe bir dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyňa däl, eýsem ýaşlaryň maksada okgunlylygyny, her bir işe döredijilikli çemeleşmegi, islendik meseläni batyrgaý, mertlik bilen çözmegi, giň gözýetimli bolmagy, sagdyn ösmegi, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi öwredýär. Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylmy-döredijilik işi bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Zehinli ýaşlaryň döredijilik gözlegleriniň we çeperçilik meýilleriniň barha rowaçlanmagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen “Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkeziniň” aýratyn orna eýe bolýandygy guwandyryjydyr.

Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan nusgalyk ylmy-döredijilik işleri biz — ýaşlara görelde mekdebidir. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlary, lukmançylyk, durmuş-ykdysady ugurlaryna degişli ylmy işleri, şeýle hem medeni baýlyklarymyzy öwrenip, döwrebap röwüşde dikeltmegiň derwaýys meselelerini öz mazmunyna siňdiren binýatlaýyn ylmy-pelsepewi kitaplary ýaş alymlaryň köpüsiniň alyp barýan ylmy-döredijilik işiniň wajyp mowzuklaryna öwrüldi. Çünki hormatly Prezidentimiziň kitaplary ylmyň dürli ugurlaryny öwrenmekde ýüze çykýan sowallaryň jogabyny özünde jemlemek bilen, bu ugurda ylmy gözlegleriň geçirilmegine giň gerimli mümkinçilikler berýär, häzirki zaman ylmy-tehnologiýa açyşlary amala aşyrmagyň usullaryny kämilleşdirmäge zerur nazaryýet bilimlerini, tejribe-tärleri işläp düzmäge gollanma bolýar.

Gahryman Prezidentimiziň ýiti ylmy nazary döwrüň wajyp meselelerini nazarlaýandygy bilen ýaşlarda ylmy-döredijilik işine bolan höwesi barha artdyrýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Munuň üçin ýaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyza alkyşlary çäksizdir.

Maýsa AGAMYRADOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

“Nesil” gazeti,

06.06.2017ý.

Meňzeş habarlar

13 Awgust 2025 | 201 okalan

SANLY BILIM MÜMKINÇILIKLERI

13 Awgust 2025 | 208 okalan

ARMYT BARADA

13 Awgust 2025 | 210 okalan

SAÝAWANLARYŇ DÖREÝIŞ TARYHY