Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlaryň arasynda «Merdana nesil-2024» atly şadyýan bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.
Bäsleşik jemi üç şertden ybarat boldy. Birinji şertde gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertde ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda eminleriň beren bahalaryna laýyklykda, 1-nji orna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň 5-nji synp okuwçysy Küleýmanow Rahman, 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Annamämmedow Yrsgalmyrat, 3-nji orna 52-nji daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Allamyradow Halyl hem-de daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Nurmyradow Emir dagylar mynasyp boldular.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet
we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.