RÖWŞEN GELJEGIŇ EÝELERI

 Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň dabaralanýan ajaýyp eýýamyna öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzyň geljegini berk binýatly edip gurmak ugrunda hem-de ýaşlary kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek babatda alnyp barylýan işleriň ýokary derejededigini alamatlandyrýar. Türkmenistanly ýaşlaryň gündelik durmuşynda bolup geçýän ajaýyp wakalaryň özi bolsa bizi geljege tarap has ynamly gadam basmaga ruhlandyrýar.

 Milli Liderimiz ýaşlaryň ähli jähetden dünýäniň ýaşlaryndan asgyn bolmazlygy, oňyn işleriň ählisi babatda olar bilen bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün etmäge aýratyn uly ähmiýet berýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek üçin uly tagalla edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan iri sport toplumlary ilkinji nobatda çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

 Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak, ýaşlaryň arasynda ahlak ruhy galkynyşy üpjün etmek, watançylyk duýgusyny ösdürmek türkmeniň geljeginiň bagtyýarlygyny kepillendirýär. Şonuň bilen bagly meseleleriň ählisi, şol sanda bilim we sport babatda, halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içerki we daşarky syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň baş çeşmesidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaş nesli bilen baglanyşdyrylýar. Çünki ýaş nesil çäksiz güýç kuwwatyň, aň-düşünjäniň we ýiti zehiniň daragtydyr. Ol daragtyň miwesi ýurduň dowamatydyr. Hut şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz ýurduň ýaş nesline ynamly bil baglaýar.

 Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamasynda ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna, ylma we döredijilik işlerine höweslenmegine, giň dünýägaraýyşly we sagdyn bedenli, belent ruhly bolmagyna ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Mertebesi belent Prezidentimiz watansöýüjilik we sagdyn durmuş ýörelgelerine has ygrarly we olary wagyz ediji bolmak bilen, bu babatda ähli ýaşlara görelde alarlyk belent şahsyýetdir.

 Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň maksatnamasy hem ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek, ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek ýaly maksatlardan gözbaş alýar. Bu resminamalarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary, maksatlary, wezipeleri we ony durmuşa geçirmegiň anyk ýollary öz beýanyny tapmak bilen ýaşlaryň hukuk we ýaşaýyş-durmuş goraglylygy şeýle-de bu ugurda döwlet tarapyndan berilýän goldawlar görkezilýär.

 Ýaşlar Watanyň kuwwatly güýjüdir. Ýaşlar jemgyýetiň öňünde durýan meseleleriň üstünlikli çözülmegine işjeň gatnaşýarlar. Biz — ýaşlara ýurduň geljegi ynanylýar. Hut şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda ýaşlaryň öz hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmaklary, köpçülikleýin işlere işjeň gatnaşmaklary üçin zerur bolan şertler durmuşymyzda mynasyp orun aldy.

 2016-njy ýylyň 6-njy aprelinde paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşlar maslahaty ýaşlar hakynda edilýän aladalaryň bimöçberdigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar bilen duşuşyp, beren öwüt-ündewleri, pentleri teşne kalbymyza teselli, akylymyza parasat berdi. Watançylygyň beýik hem ebedilik nusgasyny görkezýän eziz Arkadagymyzyň iň beýik ynsan häsiýetlerine, watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, irginsizlige, halallyga hem döwrebaplyga bolan çagyryşy, bular hakynda aýdan çuňňur mazmunly sözleri biz üçin ruhy baýlykdyr.

 «Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!»

«Watan biziň buýsançly geçmişimizdir!»

«Watan biziň buýsançly şu günümizdir!»

«Watan biziň buýsançly geljegimizdir!»

— diýen jümleleri dabaraly maslahatda şygara öwüren Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk pentleri biz türkmen ýaşlary üçin iň uly hem iň naýbaşy mekdepdir. Arkadag Prezidentimiziň ymgyr manyly dürdäne sözleri bolsa biziň her birimiziň gursagymyza guýlup, kalbymyzda joşgunly ýaňlanyp, gaýtalanyp dur.

 Ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda baş wezipäni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýerine ýetirýär. Ýaşlar guramasynyň baş maksady hormatly Prezidentimiziň: “Häzirki taryhy döwürde beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şoňa görä-de, Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyna zelel ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmak, ata Watanymyzy dünýäniň abadan we kuwwatly döwletleriniň birine öwürmegiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek biziň ýaşlarymyzyň mukaddes borjudyr!» diýen sözlerinden ugur alyp, ýaşlary Watana wepalylyk ruhunda terbiýeläp, «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik durmuşyna giňden we işjeň çekmekden, bilimli-sowatly, syýasy aň düşünjeli, edep-terbiýeli we beden taýdan sagdyn ösen şahsyýetleri kemala getirmekden, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

 Goý, «Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr» diýýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, merdana halkymyzyň mertebesini belende götermekde alyp barýan mukaddes işleri hemişe rowaç bolsun!

Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

“Nesil” gazeti,

18.07.2017ý.

Meňzeş habarlar

15 Awgust 2025 | 180 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL

15 Awgust 2025 | 61 okalan

BRIFING GEÇIRILDI

13 Awgust 2025 | 336 okalan

ARMYT BARADA