Ýaşlar — ösüş ýolunda!

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ösüşler ýolunda bagtyýar halkymyz beýik işleriň başyny tutup, özüniň agzybir, jebis we döwletli millet hökmünde at-abraýyny berkidýär. Milli buýsanjymyzy joşdurýan beýik işler milletimiziň şöhratly taryhyna täze altyn sahypalary ýazýar. Halk hojalygynyň islendik pudagyna nazar aýlanyňda uly sepgitlere ýetilýär.

7-nji iýulda Arkadag Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň alty aýynyň jemleri boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlandy. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, milli maksatnamalaryň amala aşyrylyşyna baha berildi. 2017-nji ýylyň ikinji ýarymynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Watan Garaşsyzlygynyň şöhratly taryhynda bitirilen bu beýik işler gadymy topragymyzy, şäherlerimiziň hem obalarymyzyň keşbini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýyny, bagtyýar nesillerimiziň durmuşa bolan höwesini hem yhlasyny, tutuş milletimiziň aňyny düýpgöter özgertdi. Sanlyja ýylyň içinde Türkmenistan kuwwatly, senagatlaşmak hem innowasiýaly ösüş ýoluny saýlap alan we ondan ynamly öňe barýan, dünýäniň ösen döwletleri bilen deňhukukly hem özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýan, dünýä bileleşiginde özüniň parahatçylykly başlangyçlary bilen gyzgyn goldaw tapýan hem at-abraýyny pugtalandyrýan döwlete öwrüldi.

Gazanylan bu belent sepgitleriň gözbaşynda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti, döwrüň badyna tizlik berýän başlangyçlary, jöwher parasaty durandyr. Olaryň özen-sütüniniň watansöýüjilikden hem ynsanperwerlikden gözbaş alýandygyny halkymyz her bir ädimde görüp, duýup, bu belent hakykatdan ruhy güýç alyp ýaşaýar. Bu ruhubelentlik syýasy, ykdysady, medeni-durmuş ulgamlarynda gazanylýan taryhy ýeňişlere egsilmez güýç bolup goşulýar. Bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary görkezijiler gazanylýar. Şol gazanylýan üstünliklere ýurdumyzda hereket edýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň hatarynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly atamyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir wekilleri we işjeň agzalary hem berkarar döwletimizi ösdürmekde, halkymyzyň jebisligini we agzybirligini pugtalandyrmakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň iri jemgyýetçilik guramasydyr. Biziň ýurdumyzda ýaşlar baradaky syýasat bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk namalary esasynda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: “Biziň ýokary depgin bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzyň her bir raýaty, aýratyn-da, ýaşlar hakynda düýpli alada edýäris. Berkarar döwletimizi we agzybir jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirýäris. Bu bolsa biziň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň esasy maksady bolup durýar” diýip nygtaýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermeklerini, bilimli we hünärli ýaşlaryň iş bilen doly üpjünçiligini gazanmak, bilim-terbiýe ojaklarynda ýaş nesillerimize berilýän bilimiň we terbiýäniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine zerur bolan goldaw-hemaýatlary bermek, ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlary telekeçilik işlerine höweslendirmek işleri öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň elektron yashlar.gov.tm saýty döredildi. Bu saýtda ähli raýatlarymyz ýaşlar guramasy barada gerek bolan maglumatlary bilen tanşyp bilerler.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Watanymyzyň kuwwatynyň sarsmaz binýadyny has-da pugtalandyrýar, nurana ilimiziň milli mertebesini tutuş dünýäde barha belende göterýär. Mähriban Arkadagymyzyň: “Eziz ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent at-abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür” diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy milli Liderimiziň alyp barýan döwletli işlerini, belent özgertmelerini durmuşa geçirmäge, öňde goýlan maksatnamalary ýerine ýetirmäge mundan beýläk hem has-da işjeň gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň adyl syýasatyny ösüp gelýän ýaş nesillerimize düşündirmekde wagyz-nesihat işlerimizi mundan beýläk hem dowam etdireris.

Pederlerimiz gadym döwürlerden bäri beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmeklige aýratyn üns beripdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz bu däpleri mynasyp dowam etdirýäris. Berk bedenli, arassa ahlakly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, merdana halkymyza söýgi we wepalylyk, zähmete we sporta döredijilikli garamak ruhunda terbiýelemek biziň baş maksadymyz bolup durýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary taýýarlykly barýarys. Biziň ýaşlarymyz bu sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende göterjekdiklerine berk ynanýarys. Nesip bolsa, yklyma ýaň saljak bu sport baýramçylygy parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň hakyky baýramçylygyna öwrüler.

Watanymyzyň abraý-mertebesini belende göterýän, ýurdumyzy bedew batly ösüşler bilen diňe öňe alyp barýan hem-de halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Soltangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

29.07.2017ý.

Meňzeş habarlar

16 Awgust 2025 | 815 okalan

AWAZA — DOSTLUK WE PARAHATÇYLYK DEŇZI

15 Awgust 2025 | 234 okalan

YLMA, KÄMILLIGE GIŇ ÝOL