Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň açylyş dabarasyndan soňky ýürek buýsançlar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýurdumyzyň taryhynda bolup geçýän şanly wakalar biziň her birimizi uly buýsanja besleýär. Bu ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bolsa bu günleri taryhymyzyň iň toýly-tomaşaly döwrüne öwürdi. «Aşgabat 2017» sport baýramçylygyna 30 gün galmagy mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleri hem tutuş ýurdumyzy gurşap aldy. Şol gün däp bolşy ýaly paýtagtymyzda täze binalaryň hem birnäçesiniň açylyş dabaralary boldy. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda bolup geçen dabaralar ildeşlerimize ummasyz toý şatlygyny bagyşlady. Şol gün paýtagtymyzyň merkezinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Biz hem dabara gatnaşan ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçe wekilleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Rüstem MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň baş hünärmeni:
— Hormatly Prezidentimiz bilen bolýan her bir duşuşyk biz — ýaşlaryň kalbyny geljege bolan ynam, ata Watanymyza bolan söýgi bilen doldurýar. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatyny jemgyýetçilik guramalary tarapyndan amala aşyrmagyň aýdyň ýoluny salgy berdi. Biziň alyp barýan işimizde Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bahasyna ýetip bolmajak gymmata eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň watansöýüji, döwletimiziň baş ýörelgelerine wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin jemgyýetçilik guramalarynyň, hususan-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wezipe-borçlary hakynda nygtan pikirleri biziň mundan beýläkki işimiziň has-da ilerlemegine badalga boldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ählisi bilen bilelikde TMÝG-niň hem täze, döwrebap binada işlemegine döredip beren mümkinçilikleri bolsa biziň işimizi has-da döwrebap usullarda ýola goýmagymyza mümkinçilik döretdi. Häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan, işlemek, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ähli amatlyklary göz öňünde tutulan bu täze bina biziň her birimize uly bagt bolup eçildi. Biz — ýaşlar hakynda şunuň ýaly ummasyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gijämizi gündiz edip işläris.
Bibiaýşa SAPAROWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy şäher komitetiniň başlygy:
— Hormatly Prezidentimiz her bir tutumyň başyna baranda il-halkymyzyň bagtyýar geljegini göz öňünde tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň açylyş dabarasynda jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, ähli wekilleri bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň ilkinji bilelikdäki mejlisini hem açyp bermegi ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi we biziň ählimize ata Watanymyzyň bagtyýar geljegi üçin yhlas bilen işlemäge çuňňur manyly çagyryş boldy. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň aglabasynyň bir binada öz işlerine başlamagynda çuňňur many bardyr. Olar öz aralarynda tejribe alyşmaklarynda, bilelikde agzybirlik bilen iş alyp barmaklarynda bu döredilen mümkinçilikleriň belli bahasy ýokdur.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň ilkinji bilelikdäki mejlisinde sözlän sözünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we işjeň agzalarynyň ählisiniň öňünde bir maksadyň — Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gülläp ösmegi ugrundaky uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda agzybirlik bilen işlemegiň baş çelgi bolmalydygy hakynda nygtap belledi. Bu sözler bizi her bir işiň başyna baranymyzda ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp binanyň açylyş dabarasyna welosipedli gelmeginde, şol günüň «awtoulagsyz gün» atly ekologiýa çäresi bilen utgaşdyrylmagynda hem ildeşlerimiz üçin sagdynlyk ýörelgeleriniň nusgasy bar. Döredilen şeýle eşretiň goýnunda yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.
Gülşirin OTUZOWA,
Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy:
— Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň täze binasynyň açylyş dabarasy bizi — Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň agzalaryny hem çensiz begendirdi. Ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň agzalary hem hormatly Prezidentimiziň yglan eden uzakmöhletleýin maksatnamalaryny durmuşa ornaşdyrmakda yhlas bilen zähmet çekmäge badalga aldylar.
Ýurdumyzda zenanlara, enelere goýulýan hormat-sarpanyň çägi ýokdur. Ýurdumyzda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Halkara Zenanlar güni dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli her ýyl ýurdumyzda sekiz we ondan köp çagany dünýä indirip terbiýelän enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» hormatly ady dakylýar. Ýurdumyzda zenanlaryň hukuklary hem halkara ülňülerine we ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň çuňluklaryna laýyklykda goralýar. Bu ýagdaýlar biz — zenanlara özümizi hossarly duýmaga mümkinçilik berýär. Biz — zenanlar ýurdumyzyň asudalygy, perzentlerimiziň bagtyýarlygy üçin Gahryman Arkadagymyza ömürbaky alkyş aýdýarys.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekili hökmünde ýaş gyzlarymyzyň, juwan gelinlerimiziň türkmeniň milli edep-terbiýesine laýyk edalylyk, ekramlylyk, ahlaklylyk ýaly häsiýetleriniň çuňlaşmagynda, zenanlarymyzyň maşgalasöýerlik ýörelgeleriniň gelin-gyzlarymyza miras geçmeginde bize ynanylan jogapkärçilikli wezipäni ýerine ýetirmegi özümiz üçin uly bagt bilýäris. Täze binada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň hem ornaşdyrylmagy bizi çäksiz buýsandyrdy. Watanymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda ummasyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Taýýarlan Annagül NARLYÝEWA,
“Nesil” gazeti,
22.08.2017ý.