SPORT KÄMILLIGE BADALGA

Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, sport ussatlygyny kämilleşdirmek, ökde oýunçylary seçip almak maksady bilen  Dänew etrabynyň 7-nji sport mekdebinde 15-18 ýaşly oglanlaryň arasynda sportuň dzýu-do ugry boýunça ýaryş geçirildi.

Sport ýaryşynda ýaş ýetginjekler ýaş aýratynlyklary, agramlary boýunça güýç synanyşdylar. Geçirilen sport ýaryşynda ýetginjekler ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegi başardylar. Ýaryş çekeleşikli geçdi.

Şeýlelikde 54 kg agramlykda I orna Nariman Guwanjow, 43 kg agramlykda I orna Allanur Gaýratow, 42 kg agramlykda I orna Daýanç Rustamow ýeňiji diýip yglan edilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaşlarymyzyň kämil bilim almagy hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Seýýara ROYBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Dänew etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

03 Noýabr 2025 | 44 okalan

WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 60 okalan

SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI

03 Noýabr 2025 | 51 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR