SPORT – KÄMILLIGE BADALGA

 Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, 1-nji sport mekdebinde «Sport – kämillige badalga» atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirdi. Öz aralarynda bäsleşen ýaşlar, bu babatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 

Bäsleşige sporta höwesjeň ýaşlar hem-de 1-nji sport mekdebine gatnaýan sport söýüji ýaşlar gatnaşdylar. Geçirilen bu bäsleşik ruhubelentlige we joşgunly pursatlara baý boldy. Sport çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzda sporty ösdürmekligi, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar aýtdylar.

Begli ISGENDEROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

01 Sentýabr 2025 | 26 okalan

YLYM — RÖWŞEN GELJEGIMIZIŇ ÝALKYMY

01 Sentýabr 2025 | 31 okalan

TARYHYMYZ NESILLERE NUSGADYR

01 Sentýabr 2025 | 26 okalan

TARYHY ÝERLERE GEZELENÇ